06:12 Görüner | |
GÖRÜNER
Goşgular
"Düşünýän il-günüm, saňa, Dirikäk öwüp oturman, Söýmersiň öz şahyryňy, Söýmersiň ony ýitirmän". A. Atabaýew. Hiç ýerinde egrelme ýok, dogrulyk, Turba ýaly görünip dur aňrysy, Dogrulykdan çykan ýaly sogrulyp, Şygryýetde dogan Taňry bendesi. Okaberseň gözýetimli bar ýeri, Gözellik görüner dünýäňe meňzeş, Seň üçin ummandyr onuň dar ýeri, Setirler ýalançyň heňňama heňdeş. Göterlip bolunmaz agyr ýük ýaly, Dag görüner, şir jülgeli beýiklik, Ýere urlan towlam-towlam kök ýaly, Daragty bar, boljak näçe gaýyklyk. Bakylygyň gujagynda ýüzere, Küregi bar-Hakyň beren döwedi, Ylahydan gaýdan Ylham güzerne, Ynsan goýup bilýän däldir böwedi. Şeýle ýaşap bolunsa-dy durmuşda, Bolmasaň-da Atamyrat Atabaý, Has dogrusy, köp bolsady her işde, Edip bilýän kisesin däl, kalbyn baý. Allanazar REJEBOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |