10:48

Goşgudan galan gyýkyndylar

GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR

● Agaçlaryñam, ekinleriñem Watany bar.
● Daga uzakdan seretmeli.
● Ýagşylygy bir gün däl, her gün etmeli.
● "Basman" diýen ýerine müñ basýan atyñ örüsi giñeldip görmeli.
● Suwuñ güýji iýnýän beýikligine bagly.
● Diñlemeýän bolsalar akylly dälsiñ.
● Hakyña jür bolmasañ, jürlewük çalan köpeler.
● Tüýdük edinjege bir bogun gamyş ýeterlik.
● "It ite buýransoñ", buýrulan itiñ guýrugyny kesmeli.
● Gawunçyñ garantgasy özüne meñzeş.
● Ýasa öz kalbyñy arassalamak üçin barylýar.
● Ýagşylygy hem ýamanlygy "Günä hem sogap" diýip düşündirýärler.
● Pikiriñi kagyza geçirmek hem edil durmuşa geçirmek ýaly möhüm.
● Ýanyñda saklap bolmaýany ýadyñda saklamaly.
● Çöl deñze meñzeş bolmadyk bolsa, düýä "Çöl gämisi" diýmezdiler.
● Gülmek - bagtyýarlygyñ alamatydyr.
● Umytdan düşülensoñ, hyýala münülenok.
● Başga zat edip bilmeseñ, şükür etmeli.
● Diñe özüñi däl, özgeler begendirip bilmeýäniñe-de gynanmaly.

Atajan ANNABERDIÝEW.
Категория: Sözler | Просмотров: 485 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Мylayym  
83
"Başga zat edip bilmeseň, şükür etmeli" Dogry aýdylan setirler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]