23:40

Göwher daşynyñ syry

GÖWHER DAŞYNYÑ SYRY

Dünýäde iñ uly göwher daşy häzirki wagtda Waşingtonyñ (ABŞ) Smitson institutynyñ muzeýinde saklanylýar. Bahasy onlarça million dollar bolan ýalpyldawuk merjene seredeniñde, onuñ taryhyny aýylganç tötänlikleriñ düzýändigine ynanasyñ gelenok.
Bu ýalpyldawuk daş XVII asyrda Hindistandaky Golhonda käninden tapylypdyr. Ol entek gyrañlanmadyk, agramy 112 karat (bir karat - 0,2 gr.) bolan almaz eken. 1962-nji ýylda fransuz syýahatçysy Tawerny ony Ýewropa getirýär we korol Lýudowik XIV-ä satýar. Tötändenmi ýa-da ýok, ýöne gök almazyñ peýda bolmagy bilen ýurtda garahassalyk keseli başlanýar. Almaz oñat bejerilenden soñ ondan agramy 67 karat bolan üýtgeşik göwher emele gelýär. Şondan soñ bu hazyna hyrydarlaryñ sany artyp başlaýar. Ýöne welin ol daşa eýelik eden her bir adam betbagtçylyga duçar bolupdyr.
Mysal üçin, fransuz şa gyzy Lamballa göwheri kabul edeninden tizara öldürilýär. Soñ daş Fransiýanyñ şa aýaly Mariýa-Antuanettanyñ eline düşýär. Şondan yzysüre ýurtda rewolýusiýa başlanýar. Antuanettanyñ başy alnyp, oña agyr jeza berilýär. 1792-nji ýylda şa hazynasy talananda, almaz daşy ýitirim bolýar. Ony ele salan ogrular daşy birnäçe bölege bölýärler. 1830-njy ýylda üç bölekden ybarat göwher peýda bolýar. Olaryñ iñ ulusynyñ agramy 44 karat bolup, ol şol döwrüñ talabyna laýyk gyrañlanan bolýar. Ony londonly bankir Genri Houp 18.000 funta satyn alýar. Ol bu göwheriñ dünýäde deñi-taýy bolmadyk daşdygyna kesgitli baha berýär.
Emma gök daşyñ peýda bolmagy bilen bankiriñ maşgalasynyñ başyna betbagtlyk yzyna betbagtlyk inip başlaýar. Başda onuñ ogluna awy berlip öldürilýär. Biraz wagtdan bankiriñ agtygy garyp düşýär. Ynha, şol wakalardan soñam daşa diñe lagnat barada gürrüñ başlanýar.
Bankiriñ ady dakylan "Houp" göwher daşy soñ has-da meşhurlyga eýe bolýar. 1901-njy ýylda daşy rus knýazy Kortytowskiý satyn alyp, ony fransuz tansçysy Ledýa sowgat edýär. Ýöne köp wagt geçmänkä, knýaz gabanjañlykdan ýa-da dälirän ýaly bolup, tansçy oýnaşyny atýar. Tizara onuñ özem öldürilýär. Şondan soñ daş Osmanly soltany Abdylhamydyñ eline düşýär. Soltan ony özüniñ söýgüli gyrnagyna sowgat edýär. Basym betbagt gyrnak boglup öldürilýär, soltanyñ özi bolsa tagtdan agdarylýar.
Göwheriñ soñky eýeleri hem keç ykbala duçar bolýarlar. Ony satyn alan ispan millioneri gark bolýar. Amerikaly ýaş çatynjalar bolsa betbagtlyk getirýän daşyñ lagnatyna ynanman, bolup geçen wakalaryñ ählisini tötänlik diýip hasaplaýarlar. Şeýlelik bilen olar daşy satyn alýarlar. Olar "Titanik" gämisinde toýdan soñky syýahata gidibem gaýdyp gelmeýärler.
"Houp" göwher daşyny 1949-njy ýylda amerikaly millioner G.Uinston satyn alýaram welin, onuñ mülki dargamaga başlaýar. Şonda daşyñ betbagtçylyk getirýändigine göz ýetiren millioner ony tizden-tiz Smitson institutyna sowgat edýär. Göwher daşy häzirki wagtda-da şol ýerde saklanylýar. Alymlar bu geñ-enaýy daşy barlap görenlerinde, onuñ beýleki göwherlere meñzemeýän reñkiniñ bardygyny ýüze çykardylar. "Houp" daşy ultra melewşe şöhlesi bilen şöhlelendirilende, onuñ gök reñkde däl-de, edil adam ganynyñka meñzeş gyzyl reñkdedigi aýan bolupdyr.

Rusçadan terjime eden: Güljan SAZAKOWA.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 498 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Güljan Sazakowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Мylayym  
83
Beh...

0
2 Adalat19  
3
Gymmat baha daşlaryň barynda diýen ýaly Jyn Arwah ýaşaýar. Eger daşyň arwahyny oýarasyň gelse oň üstine birje damja adam ganyny damdyrmaly. Onsoň Arwah oýanýar ))). Wakada gürrüň berilýän daşyň eýeleri hem bilesigeljilikden oň arwahyny oýarýan bolaýmasalar. Arwahlaryň dünýäsiniň kanunyna görä bolsa, boşadylan güýç hökmän bir ýerik harçlanaýmaly. Eger ony boşadan adam ol güýji nirä ugrukdurmalydygyny bilmese, güýç oň özini urýar. Ýyrtyjy haýwany gözenekden boşadyp planyny iý diýmeseň ol seň özüňi iýjek bolşy ýaly. Daşa gan damdyrmakaň kelläňde aýdyň pikir bolmaly, daşyň Arwahy boşansoň kimiň janyny almaly? Eger kelläň boş bolsa...özüňem edýän işiňe doly düşünmeýän bolsaň bolaş ýyrtyjy özüňi iýýär. Edil ýokardaky wakada gürrüň berilşi ýaly.

0
3 Adalat19  
3
Çenden aşa jöhütleriň we diýen etmeýän perişdeleriň ruhyny Allah daşyň içine bekleýär diýýäler.

0
4 tankytçy  
Eýe-peýe ýokdur-lay..

0
5 tankytçy  
Ýöne magiki güýjüniñ bolmagy ahmal.

0
6 nusgalar  
282
Totanlikler totanleyin dal. (Kung-Fu Panda, pyshdylyn aydanlary)

0
7 Gumlygelin  
8
Täsinlik...

0
8 Gumlygelin  
8
Begliñ gürrüñleri göwherdenem täsin.Okap berdim,çagalar üçinem gaty gyzykly boldy...

0
9 Мylayym  
83
Beh...

0
10 Kuruluş Osman  
Makalada aýdylýan ýalan däl eken "Payıtaht Abdülhamidiñ" dûýn agşamky (29.11.19 ý) seriýasynda bu gymmatly göwher daş agzalýar.

0
11 Kuruluş Osman  
Abdülhamidiñ maşgalasyna aralaşyp olara zeper ýetirmek isleýan palçy sypatyna giren mason aýal köşkde Abdülhamidiñ aýaly Bidar hanymda saklanýan bu daşy ogurlamagyñ planyny biçýär.

0
12 Hаwеrаn  
245

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]