22:44

Gyzyl deñiz nädip ikä bölündi?

GYZYL DEÑIZ NÄDIP IKÄ BÖLÜNDI?

"Saklady Musa Kelimni bahrnyñ girdabyndan,
Tabutyn kyldy dabbe, Fyrgun, Haman eýledi".
Magtymguly Pyragy.


Ylahy kitaplarda agzalýan heläkçilikler Wenera bilen Ýer togalagynyñ çaknyşmagy netijesinde döredimikä? Eýsem-de bolsa, Wenera ýönekeý guýrukly ýyldyzdan ybaratmy?
Kolin Wilson bu soraglara jogap gözläp Immanuil Welikowskiniñ teoriýalaryny içgin öwrendi.
1947-nji ýylyñ adaty günleriniñ birinde ABŞ-nyñ iñ uly neşirýaty "Makmillianyñ" ("Macmillian") Nýu-Ýorkdaky býorosynda işleýän biriniñ iş stolunyñ üstünde heniz çap edilmedik "Çaknyşan dünýäler" atly kitabyñ nusgasy ýatyrdy. Kitabyñ awtory Immanuil Welikowskiý atly 52 ýaşly freýdçi psihiatrist eken. Kitapda umumyadamzat taryhy bilen baglanşykly diýseñ oýa batyryjy we täze çaklamalar orta atylýardy. Ýöne neşirýatyñ işgärlerinde bir sorag döredi: Ýönekeý bir psihiatrist näme üçin saýýaralar, guýrukly ýyldyzlar we Gün sistemasynyñ aýlanyşy bilen şeýle içgin gyzyklandyka?..
Muña garamazdan kitapda öñe sürülýän pikirler kitabyñ nusgasyny okap çykanlary esli wagtlap täsirinden çykarmady. Neşirýatyñ işgärleriniñ pikiriçe, Welkowskiniñ orta atýan zatlary umuman alanda ýapa degmez bolar-bolgusyz çaklamalar bolmagy ahmal. Muña garamazdan olar, hernäçe ýapa degmez bolsa-sa, jadylaýjy bolgusyzlykdygyny boýun aldylar. Mysal üçin awtor "Mukades kitabyñ" mugjyzalaryndan hasap edilen Gyzyl deñziñ ýarylma wakasyny hakykatdanam bolup geçen hadysa hasap edýär. Welikowskiniñ pikirine görä, bu adatdan daşary waka saýýaralaryñ arasyndaky täsin dartyş güýjüniñ emele gelmegi netijesinde bolanmyş.
"Makmillian" neşirýaty ABŞ-da iñ atly-abraýly neşirýat hökmünde tanalansoñ, ilkibaşda neşirýatçylar bu kitaby neşir etmäge ikirjiñlendiler. Ahyrynda Welikowskiý bilen neşirýatçylar ylalaşyga gelip, awtora gonorarynyñ ujundan pul tölenip, kitabyñ neşir hukugy satyn alynypdyr.

■ Täsin psihiatrist

Öz ýörite hünärine hiç hili baglanyşmaýan ugurlarda ylmy-barlaglary geçiren bu psihiatrist kimkä?
Immanuil Welikowskiý 1895-nji ýylyñ 10-njy iýunynda häzirki Belorussiýanyñ Witebsk şäherinde baý ýewreý maşgalasynda dünýä indi.
Moskwada matematika boýunça ýokary bilim alan Welikowskiý soñra medisina ugrundanam okady. Soñra Wenada Zigmund Freýdiñ şägirdi Wilgelm Şteker bilen bile psihiatriýa boýunça barlaglary alyp bardy. 1924-nji ýylda Palestina göçdi we şol ýerde ýewreýleriñ gadymy ata-babalarynyñ ýaşan ýerlerinde arheologiki barlaglary geçirdi.
I.Welikowksiý 1979-njy ýylyñ 17-nji noýabrynda ABŞ-nyñ Nýu-Jersi ştatynyñ Prinston şäherinde aradan çykdy.

■ Musa pygamber gelip çykyşy boýunça ýewreý däldi!

Welikowskiý Zigmund Freýdiñ 1937-nji ýylda neşir edilen "Musa we monoteizm" atly kitabynyñ täsirinde galypdyr. Ady agzalan kitapda diýseñ batyrgaý we oýa batyryjy pikirler orta atylýardy: Gepiñ keltesi, üç uly pygamberiñ biri hasaplanýan Hezreti Musa aleýhyssalam gelip çykyşy boýunça ýewreý däl, onuñ milleti müsürlidi. Ol Müsüriñ faraony Ehnatonyñ dinine uýupdyr. Ehnaton Gün hudaýynyñ täze dinini guran adam hökmünde tanalýardy. Hezreti Musa Ehnaton aradan çykansoñ, Müsürden gaçmaga mejbur boldy. Şondan soñ ol ýekehudaýlylyk ynanjyna esaslanan bu täze dini ýewreýleriñ arasyna ýaýdy.

■ Taryhçylar muña garşy çykýar

Elbetde, Freýdiñ aýdýan zatlary "Mukaddes kitapdaky" aýdylýanlara gabat gelenokdy. Taryhçylaryñ pikirine görä Hezreti Musa Ehnatonyñ aradan çykmagyndan 100 ýyl töweregi wagt geçensoñ doglupdyr. Muña garamazdan Freýd öñe sürýän pikirlerini delillendirmek üçin birgiden taryhy barlaglary geçirmegini dowam etdi. Welikowskiý Freýdiñ gözsüz batyrlygyna haýran galýardy. Şonuñ üçin olam Freýdiñ barlaglary bilen bir hörpde barlaglar geçirip başlapdyr.
Wagtyñ geçmegi bilen belli bir derejede tutarykly hasap edip boljak birnäçe netijeler gazanyldy. Onuñ pikiriçe faraon Ehnaton aslynda gadymy grek rowaýatlarynyñ gahryman bolan Edip patyşadan başga kim däldi. Ýöne Edip patyşanyñ rowaýaty hem Ehnatonyñ öz ejesine öýlenmeginden gelip çykýardy.
Welikowskiniñ ilkinji ylmy-barlaglary Zigmund Freýdiñ "Musa we monoteizm" kitabyndan täsirlenmeler esasynda geçirilipdi. Freýd Hezreti Musanyñ aslynyñ müsürlidigini öñe sürýärdi. Şol bir wagtyñ özünde Hezreti Musa Ehnatonyñ yzyna eýerijilerdendi. Ehnaton bolsa Müsüre ýeke hudaýlylyk ynanjyna esaslanan täze din getiripdi. Hezreti Musa hem bu täze dini ýewreýleriñ arasyna ýaýratdy. Geçirilen barlaglar Welikowskini haýran galdyryjy netijelere alyp bardy. Gepiñ kelte ýeri, Ehnaton öz ejesine öýlenen eken. Hut şu ýerdenem gadymy grekleriñ Edibi doglupdyr.

■ Kosmiki bulam-bujarlyk

Şeýlelikde Welikowskiniñ Musa pygamber we Ehnaton boýunça geçiren barlaglary onuñ diýseñ täsin netijeleri çykarmagyna sebäp boldy. Gelnen netijeler bilen deñeşdireniñde Freýdiñ dini çeşmeler bilen çapraz gelýän garaýyşlary has içgysgynç we ýöwsel bolup göründi. Ýeri gelende aýtsak, ýewreýleriñ Müsüri taşlap gaýdyşlary bilen baglanyşykly birnäçe geñ-tañsy hadysalar hem bardy: her dürli tebigy heläkçilikler, Gyzyl deñiziñ ýarylyp arasyndan ýewreýleriñ geçmegi, müsürlileriñ suwuñ astynda galmagy, sütün şekilindäki bulut, asmandan inen "gudratly halwa" we ş.m...
Welikowskiniñ pikirine görä, bularyñ ählisi haýsydyr bir "kosmiki bulam-bujarlykdan" bolýan zatlardy. Emma Welikowskiniñ esasy anygyna ýetmek isleýän zady "kyýamat" bilen baglanyşyklydy. Ol bu mesele bilen baglanyşykly çeşmeleriñ galyp-galmanlygy bilen gyzyklanýardy. Ynha, şu ýerde hem ol agtarýan sowalyna jogap tapdy. Düşünilmesi kyn bu närsäniñ adyna papirus diýilýärdi. Papirus ýazgylary Ipumer atly gadymy müsürli akyldar tarapyndan ýazylypdyr. Ipumeriñ habar berýän maglumatlary "Mukaddes kitapda" kyýamat baradaky aýdylanlary haýran galdyryjy derejede bire-bir gaýtalaýardy.

■ Dünýäniñ "Aýlary"

Welikowskiý 1919-njy ýylda Palestinadan çykyp, ABŞ-na gitdi. Oña has giñ göwrümli kitaphanalarda işlemek gerekdi. Alym tutuş bäş ýylyny özüniñ haýran galdyryjy teoriýalaryny delillendirip biljek çeşmeleri toplamaga sarp etdi. Alymlaryñ köpüsiniñ pikirine görä müñlerçe ýyl öñ asmanda birnäçe syrly hadysalar bolup geçipdir. Ýeri gelende aýtsak, nemes alymy Gans Hýorbigeriñ täsin teoriýasy bardy. Onuñ öñe sürýän pikirine görä, bir mahallar Ýer togalagynyñ daşynda birnäçe Aý bolupdyr. Soñra ol "Aýlar" partlap ýa-da biri-birlerine galtaşyp, çaknyşma emele gelipdir we netijede olaryñ bölekleri Ýer togalagyna düşüpdir. Bular ýaly hadysanyñ bolup bilme ähtimallygy barmyka? Welikowskiý bu teoriýany delillendirip biläýjek ähli maglumatlary içgin öwrendi we bu hadysanyñ amala aşma ähtimallygyna "mümkin däl" diýen soñky nokady goýdy.

■ Bütindünýä suw joşguny boldumy ýa bolmady?

Welikowskiý dünýäniñ çar künjünde gabat gelýän suw joşgunlary (Nuhuñ tupany) hakyndaky rowaýatlaryñ şol bir waka esaslanýandygyny öñe sürýär. Bu pikir bolsa bütin dünýäni gurşap alan suw joşgunynyñ bolandygyna güwä geçýär. Bir belli hakykat bar: dünýäniñ birnäçe halkynyñ mifologiýasynda suw joşgunlary bilen baglanyşykly rowaýatlar bar. Bularyñ içinde bize iñ mälimi dini ýazgylarda hem gabat gelýän Nuhuñ tupanydyr. Şuña meñzeş başga bir rowaýat bolsa Kanadanyñ Ontario oblastynda ýaşýan ýerli Çippewa taýpasynda bar. Çippewalylaryñ rowaýat etmegine görä, buz eýýamynyñ giçki döwründe dünýäni gulgula salan bir apy-tupan bolup geçipdir. "Kiçijik syçan Günüñ ýylylygy saklanýan deri torbany kertip taşlady. Ýylylyk ýer ýüzüni gaplap aldy. Az salymyñ içinde bütin garlar eremäge başlady. Gar suwlary iñ beýik gerişli daglary hem pagyş-para edip biljek derejede ýokary göterildi".
Arheologik tapyndylar hem bütindünýa suw joşgunynyñ bolup geçendigini tassyklaýar.
Iñlis arheology Çarlz Leonard Wulliniñ bu babatda geçiren käbir barlaglaryna ser salyp göreliñ. Ser Wulli 1929-njy ýylda Ur şäherinde geçiren gazuw-agtaryş işlerinde siliñ emele getiren "läbikli gatlagyna" duş gelipdir. Emma Welikowskiý bolsa bular ýaly derejedäki tebigy katastrofanyñ ullakan bir giñişlik beýlede dursun, birnäçe kilometrlik ýerde hem öz yzyny galdyrmaýandygyny aýdýar.

■ Wenera guýrukly ýyldyzmy?

Emma bulardan has täsin bir hadysa alymlaryñ üns merkezinden düşenokdy. Käbir astronomlaryñ pikirine görä, b.e.öñki 2000-nji ýylda Wenera häzirki ýaly saýýara derejesinde däldi. Welikowskiý Weneranyñ bir mahallar biziñ günlerimizdäki ýaly hereketli ýagdaýda bolmandygy baradaky çaklamany orta atdy. Alymyñ pikirine görä müñlerçe ýyl öñ Ýupiterde ägirt uly partlama bolup geçen bolmaly. Partlamanyñ netijesinde äpet saýýaradan erän görnüşde uly bir bölek gopup gaýtdy. Belli bir wagtdan soñ ol gopan bölek guýrukly ýyldyz görnüşine geldi. Has soñra bolsa ondan Wenera emele geldi.

■ Gadymy ýazgylarda munuñ agzalýan ýerleri bar

Geñ galmaly ýeri: Welikowskiniñ çaklamasyny dogrulaýan ýaly, onuñ öwrenen gadymy golýazmalarynda hem Ýer togalagynyñ asmandaky bir guýrukly ýyldyz bilen çaknyşanlygyndan söz açýardy. Munuñ netijesinde çakdanaşa güýçli ýer titremeler bolup geçipdir, wulkanlar atylypdyr, birnäçe şäherler, ýurtlar hiç haçan bolmadyk ýaly ýer bilen ýegsan bolupdyr. Welikowskiý "Mukaddss kitapda" habar berilýän kyýamatyñ şudugyna ynanypdyr. Şol bir wagtyñ özünde hut şol guýrukly ýyldyzyñ 700 ýyldan soñ Mars saýýarasynyñ alkymyndan geçendigini habar berýän maglumatlar bardy. Muña meñzeş hadysalar Marsyñ özünde-de bolup geçipdir. Hatda saýýara öz hereket edýän halkasyndan hem çykypdyr. Bolup geçen bu üýtgeşmeleriñ ählisi Ýer togalagyny hem öz içine aldy. Goşa zeminimiz gaýtadan adatdan daşary tebigy çaknyşyklara uçrady. Iñ soñky çaknyşykdan soñ guýrukly ýyldyzyñ bady gowşady we ol Wenera saýýarasyna öwrüldi.
Täsinlikler bilen doly Wenera b.e.öñki 2000-nji ýyllara çenli astronomlar tarapyndan özbaşdak saýýara hökmünde görülmezdi. Hut şu garaýyş hem Welikowskiniñ Weneranyñ bir mahallar saýýara bolmandygy hakyndaky pikire ýöneltdi. Alymyñ pikirine görä, Wenera gadym zamanlarda guýrukly ýyldyzdan başga zat däldi. Bu guýrukly ýyldyz hem Ýer togalagyna golaýlaşanda, bütindünýä suw joşgunlarynyñ we "Mukaddes kitapda" gürrüñ berilýän beýleki birnäçe tebigy heläkçilikleriñ bolup geçmegine sebäp bolupdyr.

■ Ylmy jemgyýetçiligiñ dykgatyna ýetirildi

Welikowskiý bu teoriýanyñ hakykata has golaýdygyna ynanýardy. Çünli köp sanly taryhy çeşmeleri öwrenen alym habar berilýän maglumatlaryñ toslama gürrüñler bolup bilmejekdigine ynanýardy. Bu diýseñ täsin hadysady we şol wagta çenli hiç kimiñ oýuna-hyýalyna gelmändi. Welikowskiý işläp düzen teoriýasyny ylmy jemgyýetçiligiñ dykgatyna ýetirmegi makul bildi. Ynha, hut şol pikir bilenem taýýarlan ylmy işini "Macmillan" neşirýatyna çap etdirmek üçin beripdi.

■ Jedelli kitap

Welikowskiý biraz wagt geçensoñ tanymal astronom Harlou Şepli bilen duşuşypdyr. Şepli Gün sistemasynyñ Akmaýanyñ ýoly galaktikasyndaky orny hakynda jedelli garaýyşlary orta atypdy. Welikowskiý onuñ teoriýasyna düýpgöter garşy çykýandygyny aýtdy. Şepli inçeden yzarlaýan alym bolansoñ, Welikowskiniñ pikirlerini degerlendirip görmegi makul bildi. Emma onuñ "Çaknyşan dünýäleri" okamaga hiç hili wagty bolmady. Şepliniñ deregne kitaby onuñ Horas Kallen atly başga bir egindeşi okady. Kitap Kallene diýseñ ýarady we ol Şeplä kitabyñ iññän inçelij bilen öwrenilmäge degişlidigini mälim etdi. "Çaknyşan dünýälerde" orta atylýan pikirler boýdan-başa toslama patarrakylardan ybarat bolsa-da, bir tarapdan alanda, batyrgaýlyk we göz gamaşdyryjy derejede beýan edilipdi. Şeýle-de bolsa, Şepli Welikowskiniñ garaýyşlaryna üns beresi gelmedi.

■ Ylmy jemgyýetçilik garşy çykýar

1950-nji ýylyñ ýanwar aýynda Harlou Şepli "Makmillian" neşirýatyna "Çaknyşan dünýäler" sebäpli özünde dörän endişeli pikirleri ýazyp ugratdy. Şepli hatynda Welikowskiniñ pikirleriniñ üstünde alymlar bilen özara çekişmä girendigini aýdýardy. Alymlar "Makmillian" ýaly abraýly neşirýatyñ şular ýaly biderek "toslama ylmy işe" gyzyklanma bildirmesine haýran galýardylar.

■ Oýlanşykly toslanyp tapylan aldawaç!

Neşirýatyñ jogapkär işgärleri gürrüñi gidýän kitabyñ gutarnykly ylmy iş hökmünde görülmeli däldigini aýdyp, özlerini aklamaga synanyşdy. Olaryñ pikirine görä, bu garaýyşlar entek alymlaryñ ýöne bir bilmesi gerek çaklamaly teoriýadan ybaratdy. Şepli bolsa Welikowskiniñ orta atan pikirleriniñ pul gazanmak maksady bilen oýlanşykly toslanyp tapylan "aldawaçdygyny" aýdýardy. Şepli barha öte geçip başlady. Hatda ol, eger "Çaknyşan dünýäler" çap ediljek bolsa, neşirýatda eserleri çap edilmeli awtorlaryñ sanawyndan öz adynyñ çykarylmagyny talap etdi. Amerikaly astronom Harlou Şepli galaktikalaryñ gurluşy boýunça geçiren ylmy-barlag işleri bilen giñden tanalýar. Ol ilkibaşda Welikowskiniñ pikirleri bilen gyzyklananam bolsa, soñabaka ony iñ agyr şekilde tankyt edenleriniñ birine öwrüldi. Alymyñ pikirine görä Welikowskiniñ öñe süren taglymaty howaýy patarrakylardan başga zat däldi.

■ Gyzgyn seslenme döretdi

Ähli döredilen emeli päsgelçiliklere garamazdan, neşirýat hiç kime gulak gabartmady. "Çaknyşan dünýäler" 1950-nji ýylyñ 3-nji aprelinde kitap satuwyna çykaryldy. Öñden garaşylşy ýaly, kitap gysga wagtyñ içinde iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ sanawynda birinji orna çykdy.
ABŞ-nyñ ilatyñ agramly bölegi ylmy taýdan delillendirilýän hadysalaryñ hem "Mukaddes kitapda" agzalýandygyna ynanýan fundamentalist ynançly adamlardan ybaratdy. Olar "Mukaddes kitap" bilen içgin gyzyklanýardylar we "Töwratdyr", "Injilde" ýazylan her bir sözüñ dogrulygyna ynanýardylar (hut şol akym Werner Kelleriñ 1956-njy ýylda çap edilen "Taryhy kitap hökmünde Mukaddes kitap" atly kitabyny iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ sanawyna girizipdi).
Kitap şeýle bir kö satyn alynýardy welin, okyjylar kitap dükanlarynyñ öñünde nobata durýardylar. Olar "Mukaddes kitapdaky" mugjyzalara ylmy taýdan delil gözleýän adamlardy. Olar kitapdan Gyzyl deñiziñ ikä bölünendigini we Iýerihon şäheriñ diwarlarynyñ ýykylandygyny tassyklaýan ylmy deliller gözleýärdiler. Şol bir wagtyñ özünde "Çaknyşan dünýäler" bilen gyzyklanýan giñ okyjylar köpçüligi bardy.

■ Kitap üçin kürsüsinden pyzyldylar...

Ýagdaý ylmy jemgyýetçiligiñ göwnüne ýaranokdy. Alymlar "Makmillian" neşirýatynyñ bu kitaby neşir etmek bilen ullakan ýalñyşlyk goýberendigini aýdýardylar.
Olardan Nýu-Ýork şäheriniñ Tebigat taryhy muzeýiniñ astronomiýa bölüminiñ müdiri Gordon Atwater kitaby boýdan-başa okap çykdy we bu boýunça tankydy syn ýazdy. Ol alymlaryñ açyk pikirli bolmaklaryny isleýärdi. Emma bu syn onuñ işden kowulmaguna sebäp boldy. Şol bir wagtyñ özünde neşirýatyñ başlygynyñ orunbasarlaryndan bolan we kitabyñ neşir edilmegine rugsat beren Jeýms Putnam hem eýeleýän wezipesinden pyzyldy.

■ Boýkot howpy

"Makmillian" neşirýatynyñ redaksiýasyna abraýly alymlardan san-sajaksyz hatlar gelip gowuşýardy. Hat ýazanlaryñ arasynda köp sanly professorlar hem bardy, olar eger kitapdan satuwdan aýrylmasa, onda neşirýatyñ çykarýan okuw kitaplaryndan ýüz dönderjeklerini aýdýardylar. "Makmillian" atylýan haýbatlara döz gelip bilmedi we kitaby neşir etmäge bolan hukugy başga bir neşirýata - "Dubldaý" ("Doubleday") neşirýatyna satdy. Çünki "Dubldaýda" "Makmilliandaky" ýaly okuw kitaplaryny çykarýan girdejili bölüm ýokdy.

■ Alym teoriýasynyñ ýalñyş bolup çykma ähtimallygyny kabul etdi

Welikowskiý bolsa gowry asmana galan bu gyzgalañly çekişmelere haýran galmak bilen tomaşa edýärdi. Alym özüne garşy çykyljagyny öñdenem bilip durdy, ýöne ol meseläniñ şular ýaly duşmançylykly gapma-garşylyga öwrüljegini oýlamandy. Welikowskini tanaýanlaryñ hemmesi alymy ýakyndan tanaýardylar we oña güýçli alym hökmünde baha berýärdiler. Olar onuñ ýalançy ýa-da şan-şöhratyñ ýesiri däldigini magat bilip durdylar. Giñ düşünjeli alymlara mahsus düşünjede bolan Welikowskiý hem özüniñ ýalñyşyp bilme ähtimallygyny boýun almaga taýýardy. Ýöne şeýle-de bolsa, taryhy çeşmeler "nämedir bir zatlaryñ" bolup geçendigini görkezip durdy. Eger ýagdaý şeýle bolýan bolsa, onda näme üçin alymlar ilkibaşda şol aýdylýan hadysalaryñ hakykatdanam bolandygyny kabul edip, yzyndanam bu boýunça öz pikirlerini aýdanokdylar?!..

■ Alym has köp delilleri orta atdy

Ýagdaý şeýle bolup duransoñ, etmeli ýeke iş galýardy. Olam has köp delil, has köp maglumat toplamakdy. Ol özi bilen çekişmä girişjek biri tapylýança ýeñini subutnama toplamaga girişdi. Şeýlelikde Welikowskiý gaýtadan kitaphanalaryñ hemişelik müşderisine öwrüldi... Ähli tankydy belliklere we ýañsylamalara garamazdan, Welikowskiý ylmy-barlag işlerine dowam etdi. Netijede öñküsinden has sagdyn we täze teoriýalary otta atdy.
I.Welikowskiniñ täsin we geñ-tañsy teoriýalary sebäpli agyr tankydy belliklere uçrandygy mälimdir. Ýeri gelende aýtsak, onuñ "Heläkçilikleriñ ewolýusiýasy" diýip atlandyran teoriýasynyñ uly "jogapkärçiliksizligiñ" mysalydygy öñe sürüldi.
Emma, meseläniñ gyzykly tarapy, indi käbir alymlar Welikowskiniñ gelen netijeleriniñ dogrulugyna güwä geçýär.
Welikowskiniñ "Çaknyşan dünýäler" atly kitabynyñ neşir edilmegine böwet bolmak üçin çytraşmalaryñ, adamzadyñ añ-düşünje we medeniýet taryhynyñ iñ gynandyryjy sahypalary bolandygyny indi alymlaryñ özleri mertlik bilen boýun alýarlar. Jemgyýeti öwreniji alym Norman Storer özüniñ "Alymlar Welikowskiniñ garşysyna" atly kitabynda şeýle hereketler üçin alymlaryñ adyndan jemgyýetiñ öñünde ötünç soraýardy. Şeýle-de Norman Storer 1950-nji ýylyñ köp hususdan alanda juda ýaramaz ýyl bolandygyny öñe sürýärdi. Şol döwür "Sowuk urşuñ" iñ dartgynly ýyllaryny başdan geçirýärdi. Ylmy jemgyýetçilikde agalyk ediji güýçleriñ täsiri uludy. Storer alymlaryñ garşylyklaýyn çykyşlaryny şeýle beýan edýärdi:

“Yzygiderli ýagdaýda ylmyñ garşysyna gidýän birtüýsli pikirli köp sanly alym bar. Welikowskiý olardan mese-mälim tapawutlanýardy. Şu hakykaty-da göz öñüne tutsak, onda onuñ kitabyna näme üçin şeýle garşy çykylandygyna düşünse bolýar".

Welikowskiniñ teoriýasyna görä, Gyzyl deñiziñ ikä bölünme hadysasy guýrukly ýyldyzyñ Ýer togalagynyñ ýakynyndan geçen pursatynda bolup geçipdir. Şol guýrukly ýyldyzam soñra Wenera saýýarasyna öwrülipdir. Gyzyl deñiziñ suwlary guýrukly ýyldyzyñ Ýere adatdan daşary we aşa köp agramly elektrik energiýasyny goýberende ikä bölünipdir, guýrukly ýyldyzyñ täsiri uzaklaşan badyna-da faraonyñ sülsadyny goýnuna dolap alypdyr. Şonda guýrukly ýyldyzdan "gudratly halwa" ýagmadyk bolanlygynda, ýer ýüzünde ýaşaýyş bolmanam bilerdi. Gudratly halwa ýygnaldy, şeýdip adamlaram açlyl belasyna düşüp gyrylmakdan halas boldular.

■ Teoriýalar çişirilenmi?

Şol sanda käbir alymlar Welikowskiniñ teoriýaayny az-owlak çişirilen hasap edýärdi. Welikowskiniñ pikirine görä, biziñ döwrümizden 3.400 ýyl öñ Ýupiterden gopup, bir guýrukly ýyldyz süýnüp gaýdypdyr. Emma bize mälim bolan maglumatlar haýsydyr bir saýýaranyñ bir böleginiñ gopup, guýrukly ýyldyza öwrülmeginiñ mümkin däldigini görkezýär. Welikowskiý bolsa bu guýrukly ýyldyzyñ Musa pygamberiñ Ysraýyl ogullaryny (ýewreýleri) hut Müsürden alyp gaýtjak wagtlary Ýere ýakynlaşandygyny orta atýar.

■ Gyzyl deñiziñ arasy açylansoñ...

Alymyñ teoriýasyna ynansañ, Ýer togalagy guýrukly ýyldyzyñ edil guýrugynyñ arasyndan geçipdir. Ynha, edil şol pursatda-da Müsür "Mukaddes kitapda" gürrüñ berilýän tebigy heläkçilikleriñ bolup geçýän sahnasyna öwrülipdir. Guýrukly ýyldyzyñ merkezi bölegi Ýere ýakynlaşanda Gyzyl deñiz ikä bölünipdir. Iki jisim galtaşanda adatdan daşary elektrik tolkuny döräpdir. Ýewreýler deñiziñ iki ýana serpilen badyna, pursatdan peýdalanyp haýdan-haý deñziñ beýleki kenaryna geçipdirler. Faraonyñ ordasy geçende bolsa, iki ýana serpilen suwlar öñki ýagdaýyna gelýär we müsürlileri özüniñ ýalmawuz goýnuna dolap alýar...

■ Ýeriñ relýefiniñ emele gelmegi

"Çaknyşan dünýäler" boýunça gyzgalañly çekişmeler dowam edip ýörkä, Welikowskiý Nýu-Ýorkdan Prinstona gidýär. Prinstonda alym şäheriñ kitaphanasynda geologiýa boýunça ýazylan kitaplary içgin öwrenýär. Onuñ esasy anyklamak isleýän zady Ýeriñ ýüzünde emele gelen bükülmeler bilen baglanyşyklydy. Alym müñlerçe ýyl öñ emele gelen bu bükülmeleriñ Ýeriñ relýefini beýikli-pesli görnüşe getirendigini öñe sürýärdi.

■ Käbir jandarlaryñ ýitip ýok bolup gitmeginiñ sebäbi

Welikowskiý bu barlaglary geçirip ýörkä, başga bir teoriýany täzeden janlandyrandygyny duýdy. Bu teoriýa XIX asyrda öz güýjüni ýitiripdi. "Katastrofa" ady berilen bu garaýyş käbir janly-jandarlaryñ görnüşiniñ nähili ýagdaýda ýitip ýok bolup gidendigini anyklamaga çalyşýardy. Fransuz naturalisti Jorj Leopold Kýuwäniñ (1769-1832) pikiriçe, janly-jandarlaryñ birnäçe görnüşiniñ ýitip ýok bolup gitmeginiñ sebäbi şular ýaly yzygiderli ýagdaýda bolup geçýän tebigy heläkçiler bolup durýardy.

■ Katastrofalar teoriýasy puja çykaryldy

Ýöne iñlis geology Çarlz Laýeliñ "Geologiýanyñ prinsipleri" we Çarlz Darwiniñ "Janly-jandarlaryñ gelip çykyşy" atly ylmy işleri "Katastrofa" teoriýasyny puja çykardy. Çünki Laýeliñ we Darwiniñ pikiriçe, Ýer togalagy birnäçe müñ däl-de, birnäçe million ýaşyndady. Dinozawrlar bolsa birdenkä däl-de, uzak wagtyñ dowamynda bolup geçen "tebigy janlanma" prosesiniñ netijesinde kem-kemden ýok bolupdy.

■ Radiasiýanyñ täsiri

Hakykatdanam şeýle boldumyka? Çünki käbir alymlar dinozawrlaryñ birdenkä ýok bolandygy baradaky pikiri goldap çykyş edýärler. Hatda bu ýok boluş prosesiniñ bir gijede amala aşandygyny öñe sürýänlerem bar. Bu ylmy çemeleşmä ynansañ, onda partlama netijesinde ýer ýüzüni radiason bulut gaplap alypdyr. Bu bolsa ilkinji nobatda äpet jandarlaryñ köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolupdyr.

■ Başga sebäpleriñem bar bolmagy mümkin

Bu garaýyş ylmy taýdan kabul ederlikli hasaplansa-da, gürrüñi edilýän heläkçiligiñ başga hili ýagdaýda bolup geçendigi hem öñe sürülýär. Alymlar ýer ýüzüniñ belli-belli döwürlerindäki buzluk döwrüni dolulygyna düşündirmekden ejiz gelýär. Bu bolsa buzluklaryb adamzady haýran galdyrjak derejede gysga wagtyñ dowamynda emele gelendigi hakyndaky çaklamany döredýär. Welikowskiý "Çaknyşan dünýäler" kitabynda bir mamontyñ jesedinden söz açýar. Mamontyñ doñup galan jesedi 1799-njy ýylda Sibirde buzluklaryñ arasyndan tapylypdyr.

■ Dem salym wagtda nädip doñdy?

"Berezowka mamonty" ady berlen bu jandaryñ eti hamala holodilnige salyp goýlan täze we iýmäge ýaramly et ýagdaýynda ekeni. Hatda onuñ aşgazanynda entek siñip ýetişmedik öl ot-çöpler hem tapylypdyr. Welikowskiý bu doñma prosesiniñ juda gysga wagtyñ içinde bolup geçendigini öñe sürýärdi. Şonuñ üçin ol sowuk howa saklaýan ammarlary dolandyrýan adamlar bilen duşuşypdyr we olardan sygryñ buduny doñdurmak üçin tegelek 30 minudyñ gerekligini öwrenipdir. Emma mamontyñ ululygyndaky jandaryñ, munuñam üstesine tüý bilen basyrylan äpet jandaryñ doñ hala gelmegi üçin birnäçe gün gerek boljakdy. Şol günlerin içinde bolsa onuñ iýen iýmitleri doly siñip gutaraýmalydy. Bu maglumatlar bolsa "Berezowka mamontynyñ" başyna inenlere çapraz gelýärdi. Alymlar Alýaska buzluklaryndan hem ýaşajyk mamontyñ kellesini we aýagyny tapdylar. Welikowskiý mamontlaryb birden-bire ýitip ýok bolup gitmegini howanyñ yssylygyñ birden düşmegine sebäp bolan tebigy heläkçilik bilen baglanyşdyrýar.

■ Çapraz howa şertleri biri-birine utgaşanda...

Welikowskiniñ pikirine görä duýdansyz gelen heläkçilik adaty ýylylygy -273 gradus pese düşüripdir. Bu bolsa mamontyñ birden doñmasyna getirildir. Munuñ düşündirişi şeýle: Wulkanlar uly güýç bilen atylyp, howanyñ ýüzüne gaz pürkdülrer. Pürkülen gazlar atmosfera bilen garyşypdyr. Munuñ netijesinde gazaply apy-tupanlar we jalalar bilen doly gar bulutlary döräpdir. Şol doñdurujy äpet bulutlar bilsa giñ we çuñ jülgelerde howa bilen galtaşyp, tonnalap agyrlykdaky bulutlar ýukaldy. Biri-birine çapraz iki klimat akymynyñ çaknyşmagy netijesinde bolsa şol ýerden tapylan mamont şobada doñup galypdyr.

■ “Ewolýusion teoriýamy" ýa-da "Katastrofa ewolýusiýasy" teoriýasymy?

Welikowskiý gadymy eýýamlardaky tebigy heläkçilikler bilen baglanyşykly alyp barýan ylmy-barlag işlerini soñam dowam etdi. Ol 1955-nji ýylda "Bulam-bujarlygyñ içindäki dünýä" atly täze ikinji kitabyny neşir etdirdi. Kitap "Çaknyşan dünýäler" ýaly az wagtyñ içinde iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ birine öwrüldi. Welikowskiniñ garaýyşlaryny gyzyklandyryjy edýän özboluşly çemeleşmesi bardy. Kitap Çarlz Darwiniñ ewolýusion taglymatynyñ üstünde dutup geçýärdi. Welikowskiniñ orta atan täze teoriýalary ewolýusiom teoriýany şübheli ýagdaýa saldy.
Welikowskiniñ "Heläkçilikler ewolýusiýasy" diýip atlandyran täze teoriýasynda täze janly-jandarlaryñ mutasiýa esasynda döreýändigini öñe sürýärdi. Şol wagtlar biologlaryñ agramly bölegi Darwiniñ garaýyşlarynyñ tarapdarydy. Şonuñ üçin Welikowskiniñ pikirleri bu gezegem agyr tankydyñ astynda galdy. Hatda onuñ garaýyşlaryny "progressiw gatlagyñ jogapkärçiliksizliginiñ alamaty" hökmünde görenlerem boldy. Her niçik-de bolsa, wagtyñ geçmegi bilen ewolýusion taglymatyñ hem ýalñyş taraplarynyñ bolup biljekdigi göz öñüne tutuldy. Hut häzirem käbir biologlar ewolýusion taglymaty şübheli hasaplamak üçin birnäçe sebäpleriñ bardygyny aýdýarlar.

■ Tankydy çykyşlar ne alymy raýyndan gaýtardy, ne-de onuñ kitaplarynyñ arzysyny gaçyrdy...

Welikowskimiñ yzly-yzyna neşir edilen kitaplarynda öñe sürýän garaýyşlary görlüp-eşdilmedik derejede garşylandy. Emma bu garşylama bilen birlikde onuñ agyr tankydy belliklere hem uçrandygy hakykat. Hatda alymyñ tankytçylary "Welikowskiniñ öñe süren teoriýalary bütinleý nädogry" diýen pikiri döretmegi hem başarypdy. Şol sanda onuñ kitaplarynda ulanylýan rubrikalar sensasiýa döretmäge ukyplydy. Tankytçylar hut şuny hem Welikowskä garşy ulandylar we onuñ kitaplaryna ünsi çekjek bolup üýtgeşik atlary goýýandygyny, şeýtmek bilen onuñ köp girdeji etmek maksadynyñ bardygyny hem ýazdylar. Görnüşinden, Welikowskiý bu garşylyklaýyn tankytlary piñine-de almadyk bolarly. Galyberse-de, alymyñ okyjylaryna hem garşylyklaýyn tankyt o diýen bir täsir edip durmandyr. Ýogsam bolmasa, onuñ kitaplary ençeme gezek neşir edilip, şeýle köp mukdarda satylmazdy we şeýle giñ gerimli gyzyklanma döredip bilmezdi.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 653 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Täsin tebigy hadysalar | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Raýdaş  
130
Bilşimiz ýaly öwrenilen, uýgunlaşylan we peýdaly bir ulgamy taşlap, näbelli, peýda getirip getirmejegi hem mälim bolmaýan ugra ýykylmak (hakykata ýakyn hem bolsa) adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde diýen ýaly oňaýlanylmaýan hereketdir. ..

Welikowskiň eseriniň (Worlds in Collision) iň esasy täsiri kitabyň netijesinde adamlar Asman Öwreniji Guramalaryň özlerine bildirýän maglumatlary bilen kanagatlanman has köp sorag bermäge, has giňiş we takyk maglumatlary talap etmäge başladylar. Bu bolsa, käbir toparlaryň bähbidi bilen çaknyşdy. Ýazyjyň öz wagtynda dumly-duşdan keseklenmeginiň bir sebäbi şu bolsa gerek. Galyberse-de bilşimiz ýaly kitabyň çykan we halk köpçüligine ýetirilen wagtlary dünýäniň Gündogar we Günbatar bloklarynyň arasynda dowam edýän "Sowuk Söweş" gyzgalaňly ýagdaýdady, Welikowskiniň teoriýalardan ybarat bolan kitabynyň bu söweşde Amerikan hökümetine biabraýlyk getirer diýen ünji bilen ýazyjyny (dogrusy) itden çykardylar...

Ýöne...

1. Kitabyň çykmasyndan dek on ýyl soň iňlis asmanşynasy Raýmond Artur Lytilton geçiren astro-matematiki hasaplamalarynyň netijesinde Weneranyň Ýupiterden bölünip gýdandygyny we Welikowskiniň bu barada belläp geçen teoriýasynyň hakykata ýakyndygyny tassyklady.

2. 1974-nji ýylda Wenerany öwrenmek üçin uçurylan "Mariner 10" atly Kosmos ulagy Weneranyň guýrukly ýyldyzdygyny we ýüz gatlagynyň + 480 gradusa deňdigini tassyklaýan maglumat bilen dolanyp geldi. 

3. Meşhur fizika alymy Albert Eýnşteýin Welikowski bilen gatnaşykda bolsa-da onuň "kosmosuň bir boşlukdan ybarat bolman, eýsem gün ulgamynyň hem-de beýleki seýýaralaryň (planetalaryň) elektrik bilen dykyzlanan, elektromagnetika bilen gurşalandygy" hakyndaky nazaryýeti (teoriýasy) bilen ylalaşmandyr. 1954-nji ýylyň Iýun aýynda bu iki alym Prinstonda duşýarlar. Welikowsky Eýnşteýine Ýupiter planetasyndan radýol tolkun signallary alnyp boljakdygyny aýdýar, ýöne bu meselede hem Eýnşteýin oň bilen ylalaşmaýar. Duşuşykdan 10 aý soňra Karnegie Institutynyň astronomlary (asmanşynaslary) gözleg wagtynda Ýupiterden haýran galdyryjy, güýçli radýo signallarynyň gelendigini mälim edenlerinden soň Eýnşteýin Wlikowskiň teoriýalarynyň synag edilmesi üçin çyny bilen çemeleşýär. Emma, gynansagam wakadan 9 gün soň belli fizikaçy wepat bolýar... Eýnşteýine ýakyn adamlar dünýä metbugatyna ölmezinden ozal alymyň iş stolunda Welikowskiň "Worlds in Collision - Çaknyşan dünýäler" kitabynyň durandygyny we kitabyň soňky sahypasynda Eýnşteýiniň el ýazmasy bilen "Welikowski mamla bolup çykaýjak ýaly" diýip belläp geçendigini bildiripdiler...

0
2 Raýdaş  
130
Eýnşteýiniň "Din bilimden üzňe bolsa agsak, bilim dinden üzňe bolsa kördür" diýip belläp geçişi ýaly käte bu iki ugry aýratynlykda däl-de bilelikde yzarlap, seljerseň has magat netijeler çykarmyka diýýän.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]