20:32

Haram adamlar bir nokada ýygnansa...

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 981 | Добавил: Moýsepit | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 Haweran  
411
Dogrudanam, taryha we pygamberler taryhyna seredende, bir ýerik heläkçilik injek bolanda, hak ýoldan ýörän az sanly halal adamlaryñ ol ýerden gyssagly çykarylandygyny, daşlaşdyrylandygyny görmek bolýar. Meselem, ýer ýüzüni suw alanda, Nuh pygamberiñ maşgalasynyñ we ýakyn adamlarynyñ bilen äpet gämä mündürlüp, heläk ediljek adamlardan daşlaşdyrylmagy, ýa-da Lut pygamberiñ maşgalasynyñ we az sanly ýakyn adamlarynyñ bir gijede ýaşaýan şäherlerinden gaçyrylmagy... Meseläniñ bu tarapy ylalaşmaz ýaly däl. Bu başga gürrüñ.
Ýöne makalada aýdylan esasy pikir b.n ylalaşmak kyn we oña garşylyklaýyn meñ aýtjak bolýanym: tebigy heläkçiliklere Allanyñ jezasy ýaly garamagyñam nädogrudygyny subut edýän ylahyýetçi alymlar bar.
http://kitapcy.com/news/2020-11-04-12601

0
11 Beauty_boy  
1420
Haweran. Sag salamat gezip yorsunizmi? Jan saglyk hem abadan maşgala, asuda durmuş dileýän size. Teswirleri gaty gowy ýazýañyz. Aýdýanlaryñyza 100% goşulyan. Işinizde we durmuşyñyzda uly üstünlikler arzuw edýän!

0
2 Sergezzan  
707
Her gün näçe uçar ýüzläp futbol ýygyndysyny daşayar, özem nijemi ýyllap... Yöne taryhda dine bir gezek futbol komandasy ucar helakciligne ucurandyr, ol hem yany 2-3 yyllykda Brazilyanin 2 ligasynyn komandasy. Milliondan bir gezek gawat gelen totanlik.
Yanky ady tutlan şaherleriñ yok bolmasam Hudaýyn gazabymy ya bir tötanlik, bu-da belli dal. Nuh dowründaki wakada taryhmy ya rowayat, bu-da anyk dal.
Hudaýyň yardamy hiç wagt kapyrlara bolmajagna görä, onda näme ücin Çingiz han musulmanlary masgara edip yeñdi?

Tebigy betbagytcylyk her yerde hem bolyar. Bolmanda-da hemişe asudalyk bolmaz-a, islendik bolyan zatlary bolmaly zat. Bir yerlerde Huday bar bolsa-da beyle ownuk zatlara goşulardan juda päk bolaymasa.
1948-nji yylda Aşgabatdaki hadisa Hudaýyn jezasy diyip dushunyanizmi? Nijeme musulmanlar oldi şol wagt. Indi name şol döwrüň Aşgabady, häzirki yewropanyň käbir şäherleriň beçebazlygy adaty zat yaly kabul etyan şäherlerinden hem beterdimika?

0
3 Haweran  
411
Dünýäni suw basmagynyñ Nuh pygamber bilen baglanşykly kyssasy Gurhanyñ "Hud" süresinde şeýle beýan edilýär: "Nuha şeýle wahyý (habar) geldi: "Töweregiñdäkilerden has öñ saña ynananlardan başga hiç kim iman etmez. Ýöne sen olaryñ bu eden işleri sebäpli gam çekip ýörme. Wahyýmyza amal et-de gözümiziñ öñünde gämini ýasa."
Görşüñ ýaly Gurhan biziñ ýaly adamlaryñ dilinde her kimiñ üstüne bir zat goşup ýören ýarsy ýalan-ýarsy çyn ertekilerdir rowaýatlardan düzülen kitap däl. Ol Allanyñ sözi. Allanyñ kelamy Gurhanda aýdylanlara rowaýat diýmek üçin ýa aklyny ýel uçuran sähne biri bolmaly, ýa-da...

* * *

Musulmanlary Çingiz han ýeñmedi, musulmanlary - öz içindäki ötüşen agzalalyklar, ikibaşlylyk (meselem, gypjaklar bir ýana, türkmenler bir ýana), döwletiñ ýokary we jogapkär wezipelerini emelsiz, bilimsiz mynasyp däl adamlara garyndaşlyga, tanyş-bilişlige seredip paýlamak, tersine il-güne peýda getirjek mynasyp kişileriñ bigadyr bolup aýak astyna düşmegi (az sanly mynasyplaryñam sözüniñ ýer almazlygy, meselem, Jelaleddin, Demir Malik ýaly...), deñsizlik, adalalatsyzlyk (adalatyñ ýok ýerinde bolsa tebähet, huzur, yrsgal-döwlet göterilýändir) parahorlyk, aýalbazlyk, absolýut monarhiýanyñ ýetjek derejesine çykmagy, eden-etdilik, despotizm, hyýanatlar-dönüklikler... ýeñdi... Çingiz han mundan diñe ýerlikli peýdalanmagy başardy, bolany!

0
4 Revo  
484
"Belent daglar belentligňe buýsanma,
Güdazda suw bolan zar dek bolar sen!
Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!"

Magtymguly Pyragy "Bolar sen" goşgysy.

Islendik başlangyjy bolan zadyň, soňam bolar. Bu tebigy kanun. Isle malekula bolsun, islede ýyldyz ýada galaktika...
Eger-de niçeme ýyllaryň dowamynda tebigatyň kemala getiren kämil jisimleri (daglar, derýalar, köller, çöller, tokaýlar, planetalar ýada ýyldyzlar) ýok bolup gitýän ýada gitjek bolsa, onda adamyň ellinden çykan bikämil tehnikalaryň ýada tehniki enjamlaryň ýok bolmagy, togtamagy adaty zatdyr.
Uçarlar we awtoulaglar bu biziň şu günki günümizde iň köp adam heläkçiligine eltýän tehnikalardyr. Hemme enjamlary aňrybaş howpsyzlandyrmadyk uçardyr, awtoulaglarymyzda heläk bolan ähli adamlaram bir aýakdan "haramlara" goşmak, dogry hem ýerlikli bolmaz. Asla biziň özümizden başga adamy sud etmäge ýada at dakmaga hakymyzam ýokdyr.

Şol bir zadyň köp gaýtalanyp durmagy, adamda şol bir zadyň näderejede dogry ýada nädogrylygy baradaky gümany artdyrýar.
Sodom we Gomorra şäherleri hakykatda hem Allanyň gazabyna duçar bolar derejede günä etdilermikä diýen soragy özüňe bereniňi duýman galýan. Egerde belli bir günä masştaby bar bolsa, ondan geçen şäherlerem dünýä ýüzünden ýok edilýän bolsa, adamzat taryhynda ýada şu günki günümizde, günäniň masştabynyň pige uran şäherleri diňe Sodom we Gomorramy?! Häzirem ýerine ýetirilýän günäleriň ulylygy ýada agdyklygy bilen Sodom we Gomorra şäherleri bilen egin - egne berip ýaryşyp biljek şäherler az dälmikä diýýärin. Tailandyň, Braziliýanyň ýada Ýewropanyň käbir şäherleri, küntiçilikde, beçebazlykda, alkogolly içgileri içmekde ýada Alla şek ýetirmekde iň soňky sepgidine ýetdiler.
Ýene Sodom bilen Gomorra şäherine gaýdyp gelsek welin aklyma sygmaýan ýene bir paradoks bilen gabat gelýärin. Perişdeler ýok ediljek şäherde diňe Lut (a.s) maşgalasyny günäsiz bolanlary üçin halas etýärler. Ýagny şäheriň ýok ediljegini öňünden duýdyrýarlar. Şol uly şäherde diňe günäsizler Lut (a.s) maşgalasydymy?! Hany ýaňy dogulan çagalar, gundagly bäbekler ýada çagajyklaram günälimidi?! Ýada olaram ene - atalarynyň, dogan garyndaşlarynyň eden günäleri üçin ejir çekmeli boldylarmy?! Ýada bu sapar "Çaganyň, ene - atasynyň eden etmişi üçin günäsi ýok" diýen aýtgynyň ýer almadyk ýeri boldymy?!

0
5 Gülsüm  
430
O beçebazlyk lezbiýanlyk edýän adamlañ nähili çagalary bolsun?! kinosynda gelen myhmany öz haram pygyllaryna ulanmak üçin öñüne üýşmändimi millet bary?

1948-däki adamlañ azgynçylygy hakda aýdyp durmandyr awtor.

0
6 Sergezzan  
707
@Gülsüm, göreñokmy, ana: "eger bir şäherde azgyncylyk we haramcylyk belli bir prosenta yetse şol yer weyran bolyar. Bu duzgun bizin dowrumiz ucinem adalatly. 1948-nji yylda Aşgabadyn weyran bolmasam şuna mysal bolup biler" diyyär.

0
7 bbaygeldi  
843
"Krow i kost" atly kinofilmiñ ahyrynda bar, şu ýazgyñyzyñ hakyky görnüşi...

0
8 Injener  
1
Aşgabatda 1948-nji ýyla çenli erkekleriň aglaba bölegi 2-nji jahan urşynda wepat bolan bolmaly? Diňe baýlar we wezipeli adamlar urşdan sypan bolmaly? Onsoň bir topar ärsiz galan aýallaryň näme iş edeni belli däl. Bu meň şahsy çaklamam. Biziň döwrümize ýaňy ýakynda tebygy we tehnagen heläkçilikde weýran edilen şäherler hem ýöne ýere başyna belany satyn almadylar. Narkotik söwdasynda at alan şähere, ahy-tupanyň gelenini özüm gördüm. Küntiçilikde we jelepçilikde tanalan iki sany şäheriň weýran bolanyna biziň özümiz şaýat bolduk, ýöne şäherleriň adyny agzap hiç kimiň göwnüne degesim gelmedi. Beýik Allah bary-ýogy 4 sany şäheri ýumuryp çäklenendir öýdüp pikir edip oturmaň. Şäherler haram iş üçin günde diýen ýaly harap edilýär. Aýdara zat kän, emma ähli zady arkaýyn gürläp bolanok-da. Samolýatlaryň ýa-da howa gämileriň heläkçiligi barada bilesiňiz gelse wikipediýany okap görüň, şol ýerde awia-heläkçilikleriň 20-25%, şol bir wezipeli samolýoda münen adamlar bilen baglanşykly.

0
9 Pero  
801
Hmmm... täsin

0
10 buck  
1158
Aşa özüni dine beren adamlary diñlemek howply.

0
12 yalnyzozi660812  
1367
@Sergezdan, 1979-нжы йылын август айында Дашкендин "Пахтокор" футбол командасам хелэк болды. Минскэ учуп барярка, хазирки Украинанын асманында башга самолёт бн чакышды. Ердэки диспетчер гуллугына тазе ише гирен яш огланын гунаси билен дийип карар чыкардылар. Жикме-жик билейин дийсен гуголда бар.

0
13 Garadag  
128
Bir ýerde haramlar ýygnansa Jebraýyl aleýissalam Allahnyň emri bile ol mekany weýran edýär. Şonuň üçin harramlara aýtmaly bir ýere ýygnanmaň bolmasa-da gowy adamlar netije çykarmaly, ýagny bu ýerde durmak töwekgelçilik bolar.

0
14 MURGAP  
1401
Futbolçylar üýşip gitse hokman betbagtlyk bolmalymy? Beýle-de öz halamaýan zadyñ hakda ýaramaz pikiriñ ile ýaýratmak bolarmy.

0
15 Sergezzan  
707
"Pahtokor" diyaniñ öli ýygyndy bolaymasa. Men yokary ligada çykyş etyan ýygyndylaryñ taryhy maglumatyny aytyan.
Sulifakar gardaşyñ toslaýan zatlaryny analiz etýan weli, hekaýalar bir-birne ters, hekayak Kuran-a ters, hekayalar akyla ters.... Boş gurrinler

0
16 yalnyzozi660812  
1367
@Sergezdan, cен ашакда менин эшитмедик фактымы языпсын. Мен билемокдым Бразилияда 2 лигада ойнаян команданын авиахелакчилеге душенини. Менем йоне оз довпумизде болуп гечен ваканы язайдым. "Пахтакор" сенин пикир эдишин ялы оли йыгынды дэл. Онки Союзын екары лигасында ынамлы ойнап йорен командады. Футбола болеет эдйан болсан, яшы 60 етен я шол яшдан ашан яшулы болельщиклерден сорап гор. Олар айдарлар нахили командадыгны. Мен асыл темадан дашлашдым. Тема халал- харамы селжермек хакында экен. Ким халал- ким харам Алладан башга билип билен адам болмаз. Мен йоне шо футболчыларын ыкбалларынын пажыгалы боланны ятлайдым. Харамлык эдип бир ере уйшупдирлер дийдигим дал.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]