15:45

Hazynaly halypa

HAZYNALY HALYPA

Türkmen halkynyñ höwes bilen diñlän hem söýüp okaýan şahyrlarynyñ biri Kerim Gurbannepesowdyr. Halkyñ hemmä düşnükli ýönekeý dilinde çeper eser döreden Kerim şahyr Ahal welaýatynyñ Gökdepe etrabynyñ Ýylgyn obasynda 1929-njy ýylda dünýä inýär. Onuñ kakasy Gurbannepes aga çeper sözüñ gadyryny bilipdir, hat-sowatdan başy çykýan adam bolupdyr. Ol ýalñyz ogly Kerimiñ hem sowatly bolmagynyñ aladasyny edipdir. Ýaşajyk Kerim obalaryndaky ýediýyllyk mekdepde okaýar, çagalygyndan çeper sözüñ yşgyna düşýär. Onuñ ilkinji goşgusy on ýaşyndaka, Gökdepäniñ "Kolhozçy sesi" atly etrap gazetinde çap edilýär. Kerim heniz okuwçyka diñe türkmen awtorlarynyñ däl, eýsem, şol döwürde türkmençä geçirilen dünýä edebiýatyndan Puşkiniñ, Nekrasowyñ, Gogolyñ eserleri bilen bilelikde "Tom Soýeriñ başdan geçirenleri", "Dombi we ogul" ýaly kitaplaryñ ençemesini okaýar. Magtymgulynyñ tutuş goşgular ýygyndysyny kakasynyñ aýdyp bermeginde 1939-njy ýylyñ tomsunda eli bilen göçürip almagy oña aýratyn täsir edýär.
1942-nji ýylyñ tomsunda şahyryñ kakasy dünýäden ötýär. Atasyz galan maşgala garyndaşlaryny penalap, çörekliräk ýer hasaplanýan Tejene göçýär. Kerimiñ gaýgy-gamsyz geçmeli ýetginjekligi, jahyllygy ýowuz synagly ýyllara gabat gelýär: bugdaý orýar, gazy gazýar. Bularyñ gapdalyndan Hudaý beren guýmagursak zehinli Kerim goşgy ýazmagyny goýmaýar. Onuñ şygyrlary ilki Twjen sebitlerindäki gazetlerde, soñra "Mydam taýýar", "Ýaş kommunist" gazetlerde, "Tokmak" žurnalynda peýda bolup ugraýar.
Ýaş şahyr 1949-1952-nji ýyllar aralygynda Watan öñündäki harby borjuny berjaý edýär, ilki Odessa şäherinde, soñra Aşgabatda gulluk edýär. 1951-nji ýylda, ol heniz goşun gullugyndaka ilkinji goşgular ýygyndysy "Güýjümiñ gözbaşy" ady bilen çap edilýär. 1950-nji ýylda SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ agzalygyna kabul edilýär. Şeýlelikde, Kerim Gurbannepesowyñ çagalar hem mekdep okuwçylary üçin dürli ýyllarda "Ýalta we bagt", "Maşgala we mekdep", "Atalar we çagalar", "Ös, saçym, ös", "Ýaz şemaly" ýaly ululy-kiçili şahyrana kitaplary peýda bolýar. Şahyryñ 1957-nji ýylda "Goşgular we poemalar" ady bilen neşir edilen ýygyndysy türkmen edebiýatyna uly zehiniñ goşulandygyny äşgär edýär. Şonuñ yzysüre uly göwrümli "Taýmaz baba" atly täsin poemasy Kerim Gurbannepesowy halkyñ küýseýän şahyryna öwürýär. Ol halkyñ ynamyny ödemek üçin, "Kyrk" poemasynda aýdyşy ýaly, şol döwürdäki elipbiýiñ "38 harpyna mähir siñdirip, harp bilen harpy gije-gündiz çatyp" "Ata we ogul", "Ajy günler, süýji günler", "Gumdan tapylan ýürek", "Aýal bagşy", "Parahatlyk ilçisi", "Ynsan bilen ynsap" - kimin elden düşürilmäj okalýan ktaplary talapkär okyjylara hödürleýär. Şahyr bulardan başga-da döwrüñ sesine ses goşýan "Döwür beýle däldir", "Ömrüme pent", "Ýaşlyk dramasy", "Goja", "Şöhrat", "Biziñ işimiz", "Plan dolmaly, plan", "Ýalñyzlyk", "Ata, ene, ömür, baş" ýaly täsin şygyrlaryñ ýüzlerçesini döredýär.
Kerim Gurbannepesowyñ goşgularynyñ köpüsine ýurdumyzyñ meşhur kompozitorlary, bagşy-sazandalary saz ýazdy. Olar halk aýdymlaryna öwrüldi.
Kerim Gurbannepesow örän okumyşdy. Edebi sowady juda ýokarydy. Dünýä halklarynyñ edebiýatynyñ görnüklu wekilleri bilen mydama dostana gatnaşykdady. Ç.Aýtmatow, R.Gamzatow, M.Tank, E.Meželaýtis, S.Narowçatow, M.Lukonin ýaly söz ussatlary onuñ dostlarydy. Şeýle bolansoñ, Kerim şahyr dünýä halklarynyñ poeziýasyndan iñ gowularyny öz ene dilimize geçirip, "Terjimeler kitabyny" ("Dostluk çemenini") okyjylara sowgat galdyrdy.
Kerim şahyr hazynaly halypady. Onuñ egsilmez genji-hazynasy - mähribanlykdy. Gündogaryñ beýik şahyry Alyşir Nowaýynyñ: "Mähribanlyk hazynasy kime degişli bolsa, halypalyk hem şoña degişlidir" - diýşi ýaly Kerim Gurbannepesow uly Halypady. Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Näzik Annatyýewa, Italmaz Nuryýew, Baýram Jütdiýew, Hudaýberdi Diwangulyýew, Agageldi Allanazarow, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Atajan Annaberdiýew, Gözel Şagulyýewa, Ogultäç Orazberdiýewa, Bibi Orazdurdyýewa, Tirkeş Sadykow, Guldurdy Sähetdurdyýew, Juma Hudaýgulyýew ýaly zehinli ýazyjy-şahyrlarymyz Kerim şahyryñ mekdebini geçendirler diýsem, ýalñyş bolmaz. Onuñ özi barka-da, özi ýokka-da, ondan öwrenmäge jan edýän ýaş zehinleriñ sanardan kändigi hakykatdyr.
Şahyr öz döredijiliginiñ daşyndan birtopar uly jemgyýetçilik işlerini alyp bardy. Ol dürli ýyllarda "Tokmak", "Sowet edebiýaty" (häzirki "Garagum") žurnallaryna ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiñ başlygynyñ orunbasary, Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny bermek baradaky komitetiñ başlygy boldy. Türkmenistanyñ Ýokary Sowetiniñ deputatlygyna üç gezek saýlandy. Ol heniz 38 ýaşyndaka "Türkmenistanyñ halk ýazyjysy" diýen hormatly ada eýe boldy. Soñra ol eserleri üçin Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny aldy.
Şahyryñ poeziýasy dünýä halklarynyñ dillerinde ýañlanyp, türkmen poeziýasynyñ adyndan mynasyp wekilçilik etdi. Kerim şahyryñ goşgulary SSSR döwründäki respublikalaryñ ählisinde terjime edildi. Kitaplary Moskwada telim gezek rus dilinde, Kiýewde ukrainçe, Almaatada gazakça, Wilnýusda litwaça neşir edildi.
Kerim Gurbannepesow sözüñ doly manysynda "Şahyr" diýen juda jogapkärli we hatyraly sözüñ hakyky eýesi bolup ýaşan hem döreden bagtly şahyrdyr.
Kerim aga öz epiki eserlerini - poemalaryny türkmen durmuşynyñ taryhynyñ özboluşly çeper ensiklopediýast hasaplardy:
- Daşgyn, meniñ poemalarym, elbetde, olar dürli wagtda dörese-de, mazmunyna görä biri-birine tirkeseñ, halkymyzyñ taryhynyñ çeper ensiklopediýasyna meñzeşdir - diýipdi pahyr.
Dogrudanam, "Aýal bagşy", "Namys", "Parahatlyk ilçisi" poemalary XIX asyrdan hem ondan öñki döwürler hakda gür berse, rewolýusiýa hem ondan soñkt kollektiwizasiýa hakda "Taýmaz baba" dür saçýar. Beýik Watançylyk urşy barada bilmek isleseñ, "Ajy günler, süýji günleri", "Gumdan tapylan ýüregi" okamaly. Uruşdan soñky ýyllaryñ durmuşy barada şahyryñ "Alada", "Ynsan bilen ynsap" eserleri söz açsa, häzirki döwrümiz hakynda "Ýürek poemasy", "Rubagy - poema", "Ýedi boýdaş, köçe süpürýän gelin we ýanan gelin hakynda" juda beletlik bilen söhbet gurýar. "Üýtgedip gurmak döwri" at alan zamana dogruda ýa-da şahyryñ ömrüniñ soñky ýyllaryndaky durmuşyñ, jemgyýetiñ, döwürdeşlerimiziñ keşbini synlap, gylyk-häsiýetini biljek bolsañ, "Aktual poema ýa-da goşgular çemenini" ähli işiñi bir ýana süýşürip dykgatly okamaly.
Ol hrestomatik eserleriniñ birini "Ýazmasy agyr düşen goşgy" atlandyrdy. Elbetde, bu ýerde ol at eseriñ sýužetine laýyk. Ýöne goşgularynyñ ählisini dünýä indirmek talapkär halypa ýeñil düşmändi. Ol ähli setirini uly jogapkärçiligiñ ejiri bilen döredýärdi. Setirlerini öz başyndan ýa-da başgalaryñ başyndan geçirenlerini özüniñki ýaly kabul edip döredýärdi. Şonuñ üçinem olar diñleýji üçin uly lezzetdi, sapakdy, mekdepdi, tälim-terbiýedi.
"Döwür beýle däldir", "Plan dolmaly, plan!", "Maşyn, maşyn, maşyn" hem-de "Toý reportažy" bir döwürräkde, biri-biriniñ yzyndan "dünýä indi", üns berseñiz, şu goşgularyñ zandy birmeñzeşräkdir. "Ýürek poemasynda" aýdyşy ýaly bularda onuñ "gözellige nazaryny dikip, gödekligi nyşana alandygy" mese-mälimdi. Şeýtmegi Kerim aga başarýardy.
Ol gowy edilen işe guwanmaga aýratyn ukyplydy. Şu gylygy hem ony galamdaş deñ-duşlaryndan has tapawutlandyrýardy.
Adamy uly görkezýän, şahsyýet derejesine göterýän zatlaryñ biri, megerem, özgelere guwanmagy başarmak, özgäniñ gowy tarapyny görmek, oña mynasyp baha bermek ýaly gylyk diýip hasap edýärin. Beýle häsiýetler Kerim agada sanardan kändi.
Halypanyñ setirleriniñ aglabasy indi isleseñ-islemeseñ özüne degişli bolup dur. Onuñ söwer dosty, şahye Gara Seýitliýewiñ ýadygärligine bagyşlan şygryndaky:

"...Sen juda ir gitdiñ.
Örän ir gitdiñ.
Onki synañ aýdym bilen doludy.
Säher bilen köçä çykyp ugrañda,
Uly desse aýdym barýan ýalydy.

...Aşakdan seretseñ -
Ulumsy dagdyñ,
Golaý barsañ -
Iñ bir kiçilerdendiñ.
Sen ir gitdiñ,
Juda, juda ir gitdiñ,
Ýöne giç gitmelu kişilerdendiñ..."


diýen setirlerini okap gyýylýarsyñ. Neneñ şeýtmejek! Bu setirler hem indi Kerim aganyñ özüni ýatladýar... Ol gojalygyñ höwesindedi... Emma oña ýetmedi...
Her şygyr setiri Kerim aganyñ köñlüne özüçe jepa tygyny urardy, ol çydardy. Şonuñ üçinem, ol şygyrýetiñ beýik tagtyna çykypdy.
Ol şygyr oduna semender dek özüni urup, onuñ ýakyşyna döz gelerdi. Şonuñ üçinem, reñbe-reñ şygyr bagyna bagbanlyk etmek oña başardýardy.
Döwlet derejesiniñ ahyrsoñunda onuñ şahsyýetleriniñ mertebesine baglydygyny iñlis akyldarlarynyñ biri geçen asyrda tekrarlady. Bu pikiriñ mamladygyna ösen ýurtlaryñ taryhy güwä geçýär.
Beýik şahsyýetler beýikligini dirikä özleri saklaýar, ýokka olaryñ beýikligini saklamak yzynda galan nesilleriñ borjuna öwrülýär.
Kerim Gurbannepesow halkymyzyñ ykrar eden beýik şahsyýetleriniñ biridi! Eger bir sylanmaly bolsa, onda Kerim Gurbannepesow hem sylanmaly! Sebäbi, ony halk sylaýar. Kerim aga aýtmyşlaýyn, "Şahyr ähli gözelligiñ dogany, şahyr ähli gödeklige ýagydyr". Şahyra sylag-hormat hem hemişe gözellikdir!

Gurbanýaz DAŞGYNOW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 1051 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbanýaz Daşgynow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Kerim  
wink angry

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]