08:29

Isanyñ arbaçy ogly / hekaýa

ISANYÑ ARBAÇY OGLY

Gadymy Rimde gullara etmeli işlerine laýyklykda «pil», «külüň», «kätmen» ýaly şetli atlar berler eken.

- Heý, arba.. arba, gel bäri, iş bar.
Saçlary egnine düşüp duran saryýagyz ýigit ses gelýän tarapa aýlandy, soňam sürüp gelýän arbasyny şol tarapa öwürdi.
- Ine, şu ýaşşikleri, hon-ha ol gaplary ýükle!
Garynlak kişi göwresine gelişmeýän inçe sesi bilen buýruk beriji äheňde gepleýärdi:
- Hon-ha, bularam tertip bilen goýuşdyr arbaňa.
Sergeý geplemän aýdylan bilen boldy. Şeýle ýagdaý indi bassyr üç gün bäri dowam edýärdi. Egnine gelşip duran giň eşikler geýýän garynlak kişi her gezek Sergeýi görende:
- Heý, arba- diýip gygyrýardy.
Üçünji gün ol çydamady, arbasyny goýup görynlagyň ýanyna göni özi gaýtdy. Garynlak onuň arbasyny taşlap gelşini geň gördi. Ol bolsa ýuwaşja ýöräp geldi-de, gaharlanman:
- Men arba däl - diýdi.
Garynlak Sergeýiň ýüzüne garap durşuna çyny bilen hahahaýlap gülüp goýberdi:
- Men arba däl?! Men arba däl?! - Garynlak Sergeýiň agzyna öýkünip gepleýärdi hem gülýärdi - Men arba däl diýýäňmi?!.
Sergeý onuň ýüzüne dikanlap seredip durdy. Garynlak gülmesini tapba kesdi-de, ýüzüni turşadyp:
- Arba sen - diýdi. Garynlagyň gyňyr seredip, kesgitli-kesgin «Arba sen» diýen soňky sözleri «Adam däl sen» diýen ýaly bolup Sergeýiň gulagynda ýaňlandy.
Şondan soň Sergeý üç-dört günläp garynlagyň ýanyna barmady. Bir günem iş gyzan wagty ol öz müşderilerisiniň ýüküni bazardan ulaglaryň duralgasyna eltip berip ýördi. Birdenem ol garynlak bilen pete-pet geldi.
- Arba barmyň-ow. - Garynlak ýene hoşnut bolup ýylgyrdy.-Ýitip gitdiň-eý?!.
Sergeý arbasyny saklap:
- Sen maňa arabaçy diýeniňde hem bolardy - diýdi. - Meni kemsitdiň diýýäňmi?! Meniň Hudaýym:«Sag ýaňagyňa ursalar, çep ýaňagyňam tut» diýýär. Bolýa men hem saňa: «Eý, pul» diýsem bolarmy?
- How, how,o näm üçin-diýip garynlak geň galan bolup güldi.
Sebäbi seniň puluň köp, oýnap ýöreniň pul, şonuň üçin saňa: «Eý, pul» diýip ýüzlenjek!
Sergeý şeý diýdi-de ýoly bilen boldy. Hepdäniň anna güni Sergeýiň kellesi agyrdy. Bazardaky adamlaryň goh-galmagaly, gaýda-gaýmalaşyk halys surnukdyrdy. Emma çydap işini dowam etdi. Ahyr bazarda işini tamamlap bazardan çykyp gelýän Sergeý öz öňünden garynlagyň barýandygyny görüp, arbasyny saklady. Biraz säginip, onsaň ýöräýin, yzyndan ýetsem ýene samsyk gepläp, keýpime sogan dograr, onsuzam artyp ýatan keýpim ýok. Ol arbasyny çalaja itip, dürli oýlar bilen garynlagyň yzy bilen garaba-gara ýöräp barýardy. Gün ýaşyp gelýärdi. Howa salkyndy. Adamlar uzakly günki işden soňra howlukmaç öýlerine barýardylar.
Garaşylmadyk ýagdaý arbaçyny bada-bat özüne getirdi. Öňünden haýaljyk ýöräp barýan garynlagyň kisesinden pökgerip duran gapjygy patda ýere gaçdy. Ýoldan geçip-ötüp duran maşynlaryň gohy bilen ol gapjygynyň gaçandygyny duýmady. Sergeý arbasyny sürüp baryp edil gapjygyň üstünde saklandy. Garynlak gapjygynyň gaçandygyny aňşyryp yzyna gaýdaýsa diýen gorky bilen tapan emeline guwanyp mawy gözlerini süzüp göwnühoş boldy.
Şäheriň bir çetinde azan sesi eşidildi. Sergeý mes bolup: garynlak seň hudaýyň seni kidaýt etdi diýip, güldi. Meniň hudaýym güýçli çykdy şu gezek. “Своих не оставляем”.
Ol öýüne gelensoň bazardan alan piwosyny açyp, bir demde başyna çekdi. Soňra garynlagyň gapjygyny açyp, pullaryny çykardy. «Ё-К-Л-М-Н-Е вот черт» diýip, öz dilinde gürlänini duýman galdy. «Köp eken-ä, bu pula işlemän-etmän ýarym ýyl ýatsa boljak eken. Garynlak nädip tapandyr?!.» Ol ýene elindäki piwoly gaby işdämenlik bilen başyna çekdi. Sermenip bir ýerden ýarsy çekilen çilim tapyp otlandy. «Ine, adamy kemsitseň boljagyň şudur, haram garynlak. Taňrym meni şeýdip ýalkaýandyr».
Sergeý köneje telewizoryny ýakyp, döwük pulty diwanyň tirseginde goýdy. Piwosyny içip gutarýança futbola seretdi. Birdenem otagyň içi ýap-ýagty boldy. Isa Mesih kinolardaky ýaly ak eşikde Sergeýleriň öýündäki ikonadan düşüp, onuň ýanynda peýda boldy. Sergeý onuň dip-diri ýagdaýda ýanyna gelişine haýran bolup, gepläp bilmän galdy. näme diýmelidiginem, näme diýjeginem bilenokdy. Isa bolsa oňa golaý gelip: «Kesaryň hakyny kesara, Hudaýyň hakynam Hudaýa ber» diýip, garynlagyň puldan doly gapjygyny Sergeýe uzatdy.
Sergeý tisginip oýandy. Teleýaýlymda Rio da Janeýrodaky dagyň üstündäki Isa pygamberiň äpet heýkeli guşuçar belentlikden görkezilip dur eken. Teleýaýlymda Rionyň mundialyndan futbol olimpiadasyndan göni alnyp görkeziliş gidip durdy.
Sergeý her gezek bu äpet heýkeli görende Isa pygamber hakda oýlanýardy. Ýöne onuň hakykatdanam Isadygyna ynananokdy. Sergeý Isanyň nähiliräk keşpdäki adamdygyny görüp-bilip bolaýsady diýip, köp arzuw edipdi. “Iýerusalime haja gidip bolaýsady” diýen ýaly hyýallaram ýöwsel kalbynda döräp gidýärdi. Ýöne ol düýşünde ýanyna gelen wagty ol arzuw ýadyna düşmedi. Haýran galyp, gepläp bilmän dymyp galdy.
Ir säher howa salkyn. Sergeý arbasyny sürüp köp mähelleli bazara ugrady. Adamlardan ýaňa geçer-öter ýaly däl, Sergeý arbasyny seresap sürüp gelşine adamlaryň gaýda-gaýmalaşygyna seredip «Isa, sen Hudaýam bolsaň men garynlak kezzabyň puluny yzyna berjek däl, berjek dä-l» diýip, dişinden syzdyryp özelenýärdi. Soňra ol garynlagyň söwda edýän ýerine geldi. Garynlak, bir agyz geplemän, ýüzüni sallap otyrdy. Sergeý garynlagyň garşysyna gelip saklandy.
- Jenap Pul, gowumy ýagdaýlaryň? - Ol garynlaga garap durşuna ýoknasyz ýylgyrdy. Garynlak bir zat diýjek bolup hyýallandy, ýene agzyny gyşardyp dymdy.
- Sen näme maňa arba diýeňok saňa eý pul diýsemem hä diýeňok?! - Sergeý garynlaga sowal yzyna sowal berdi.-Näme pullaryň eliňden gidensoň ol ady göteresiň gelenokmy?
Sergeýiň soňky sözlerine garynlak ziňk edip gitdi. «Pulumy gaçyranymy nirden bilýärkä?!» diýip, oýlanyp ýetişmänkä arbaçy onuň gapjygyny kisesinden çykardy.
- Ine, pullaryňy al, ýöne men her gezek eý, pul diýenimde hä ber maňa ýalandan ýylgyraý bolmasa, düşündiňmi!
Sergeýiň elindäki gapjygyny garbap alan garynlak:
- Bolýa, bolýa... - diýip, yzyny üzmän gaýtalaýardy.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 204 | Добавил: Haweran | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]