22:58 Keýmir babamyñ | |
KEÝMIR BABAMYÑ
Owazadar bolup älem-jahana, Öz iline hökmi ýörän rowana, Gazabyñdan ganym geldi amana, Keýmir atly sahypkyran geçipdir. ZENUBY Ak sakgal gojalar söhbet açanda, Danalar, gerçekler, joşup göçende, Ruhy diri bu dünýäniñ göçünde - Ilimiñ gerçegi Keýmir babamyñ. Adybegiñ ogly Görogly atam, Atanýaz han, Alp Gazan hatyram, Hanlyk derejesi on bir arkadan - Düýegöz dowamy Keýmir babamyñ. Akyl, gaýrat, paýhas bile jemlenen, Tutan işi il içinde oñlanan, "Duşmanyna aždar bolup towlanan",* Ýollary dogrudyr Keýmir babamyñ. Ýasman bilen Saltyk atalar seri, Çonak batyr bolar onuñ pederi, Hyratda Antguýy dogulan ýeri - Garagum galkany Keýmir babamyñ. Kesgir gylyç, ýiti zehin, halat bar, Mazlumlara, ulus-ile howandar, Ýigreneni sütem edýän hökümdar - Adalat eýesi Keýmir babamyñ. Gözel ilim gul etmegiñ kastynda, Nedir** gitdi galyp arman astynda, Ugurly han otyr külüñ üstünde, Mertebesi belent Keýmir babamyñ. Tanalandyr Eýran, Turan, Yrakda, Dilleri dogada, kalby sogapda, Togsanda amanat tabşyran Hook-da*** Çonaklar tiresi Keýmir babamyñ. 12.02.87 Orazguly ANNAMYRADOW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |