16:20

Modaçyl ýigide

MODAÇYL ÝIGIDE

"Käbir adamlar akylly-başly maslahat berseñ tersine düşünýärler. Ugruna kowup ýañsa alsañ düzelibem gidýärler".
Atamyñ aýdanlaryndan

Äriñ äre, zenanyñam zenana
Meñzemegi öñden gelýän kadadyr.
Ýöne saña sada bolmak hakynda
Akyl bere-bere agzym ýadady.

Isle ösdür sakgal bilen murtuñy,
Isle syr saçyñam goşup düýbünden.
Aslynda señ bilen kimiñ işi bar,
Hasap soraýan ýok bu gün düýnüñden.

Sen erkekmi, ýa zenanmy, parhy ýok,
Seljerjek seljerer gören badyna.
Tapanyñy petdeläp sow nyrhy ýok,
Haý-haýly modanyñ ojar oduna.

Äýnek dak, gözüñi görmesin hiç kim,
Haýwandan parhsyz bol çykañda köçä.
Gyzlary göreñde lak atyp geçgin,
Ulyny äsgerme, ýumruk ber kiçä.

Jinsi jalbar bogup dursun baldyrñy,
Başarsañ dirikäñ dyzyñy epme!
Barmaklarñy oýnap altyn ýüzükli,
Gepläñde diliñem aýnadyp geple.

Dişlerñi sogurdyp tylladan oturt,
Ýa platinadan oturtsañam bor.
Ýylgyrañda az görünse şol dişler
Agzyñy birneme ýyrtsañam bor.

Çilim çek, içip gör zäher guýsalar,
Ölmeli bolsa-da öl allanäme!
Saña tüýs modaçyl ýigit diýseler,
bolýa-da näme?!

* * *

Artyp barýar şahyrlaryñ hatary,
Kyssaçylar... ş., m., ş., m.,... başgalar...
Oña derek az indi
has beteri,
gowy-gowy hekaýalar, goşgular

Abdyreşit TAŞOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdyreşit Taşow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 MrOKaS  
341
Hehe minnetdar ýetireniñize beter haladym.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]