16:56

Mugallym

MUGALLYM

Ak saçly gojanyñ yzyndan ýetip,
Salam berdi, ýaş gujurly mugallym,
Mähirli ýylgyryp salamyn aldy,
- Ýagdaýlaryñ niçik gowumyñ oglum.

Ýitigini tapan ýaly ýaş ýigit,
Elini göýbermän saklady salym.
- Şu derejä ýetirdiñiz, minnetdar!
Ýaş wagtym terbiýe berdiñ mugallym.

- Okuwçy wagtlarym, synpdaş oglanym,
Dakynyp gelipdi owadan sagat,
Gözüm gidip, gizlinlikde alypdym,
Ýitirenin, size arz etdi aglap.

- Kim aldy,
Jogap ýok, elbetde utanç,
Iküç gezek sorap, tapyp bir çäre,
- Ýeriñizden turuñ duruñ nyzama,
Gözüñiz ýum diýip, goýduñ hatara.

Barlagdan geçirip ýekänme-ýekän,
Deñime geldiñde menem barladyñ,
Emaýlyk bilen meñ başymy sypap,
Alypdyñ ogurlap alan sagadym.

Şonda-da, maña hi:ç zat diýmediñ,
Hat-da maña gazaplanyp bakmadyñ,
Durmuşymda maña ullakan sapak,
Beripdiñiz,
Şindem...
Men unutmadym.

- Şeýlemi?
Ýylgyrdy goja mugallym.
- Ol wakany, men şol güni unutdym,
Siziñ gözüñizi açmañ diýemde,
Sagady alamda, gözüm ýumupdym...

"Mugallym" diýen bir hekaýany okap, başardygymdam goşga geçirmek isledim.

Remezan MÄMETGURBANOW.

15.11.2022ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 327 | Добавил: Remezan | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Песня / Goşgular - 08.02.2023
Второе января / Goşgular - 02.01.2023
«Плывущий за руном по хлябям диких вод…» / Goşgular - 03.02.2023
Перед маем / Goşgular - 16.01.2023
Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023
Снег / Goşgular - 14.01.2023
«Сжала руки под тёмной вуалью…» / Goşgular - 08.01.2023
Poeziýada mozaikalar toplumy / Goşgular - 30.01.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
Первый шаг любви / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Gowy. Tüweleme! Kimiñ hekaýasyka?

0
2 Remezan  
1397
Bilmedim ýöne täsirli ýazylan

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]