08:45

Nowruz Gurbanmyradow

NOWRUZ GURBANMYRADOW

Nowruz Gurbanmyradow 1951-nji ýylda Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy bölümini tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
Ol döredijilik işine mekdep ýyllaryndan başlady.
Dürli ýyllarda onuň Ajaýyp haly, Ene erteki aýtsana, Dutara dil bitende atly goşgular ýygyndylary köpçülikleýin tiraj bilen aýratyn kitap edilip okyjylara hödürlendi.
Nowruz Gurbanmyradow filologiýa ylymlarynyň kandidatydyr. Ol soňky ýyllar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bölüm müdiri bolup işledi.
Onuň birnäçe goşgulary, poemalary, hekaýalary, powestleri, kitaplary bar.

Goşgular: “Watan”, “Altyn asyrda” “Eziz Türkmenistanym”, “Ene hakda hekaýat”…

Poemalar: “Gökdepe galasy”, “Peder ruhynyň owazy”…

Hekaýalar: “Polat seýis”, “Bike halan”, “Ynjalan ýürek”…

Powestler: “Oglanlykdan on pursat”, “Takat”, “Keseki öýüň kölegesi”…

Kitaplar: “Dutara dil bitende”, “Köňül owazlary”, “Ajaýyp haly”, “Garaşylmadyk myhman”…

Bu maglumatlar kitaphana.net saýtynda goýlan Nowruz Gurbanmyradowyň "Köňül owazlary" atly goşgular ýygyndysynyň elektron görnüşinden hem-de ylymly.сom saýtyndan alyndy.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 469 | Добавил: Bagabat | Теги: Nowruz Gurbanmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Gazetde suraty gara çarçuwada goýlupdyr. Gözlesemem bendäň haçan aradan çykandygy hakynda maglumaty tapyp bilmedim.
Kim bilýän bolsa, teswirlere ýazaýar-da.
Iman baýlygyny bersin, pahyra.

0
2 Bagabat  
43
Ýadyma düşýä, Nowruz agaň (Nowruz Gurbanmyradowyň) "Polat seýis" atly hekaýasy, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde 2008-nji ýylyň güýzünde Mahmyt Kaşgarlyň 980 ýyllyk ýubileýine (ol 1028-nji ýylda doglan) bagyşlanyp, türki dilli halklaryň ýazyjylarynyň arasynda kiçi proza (hekaýa, powest) boýunça geçirilen bäsleşigiň Türkmenistan tapgyrynda birinji orny alypdy. Ýalňyşmasam, şo bäsleşige ýurdumyzdan ýüze golaý ýazyjyň eseri gatnaşypdy öýdýän.

0
3 Perо  
1082
Eşitmändirin, Nowruz aga aradan çykan eken... Iman baýlygyny bersin!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]