07:43 Obam | |
OBAM
Dünýä inen jägildäp, Aglanyñ geldi, obam. Dogan-gardaşyn idäp, Görmäge geldi, obam. Mährem seniñ bar zadyñ, Has-da şu "Daýhan" adyñ, Göçüp giden zürýadyñ, Gezmäge geldi, obam. Giñlik berýäñ ýürege, Ynsana şol geregä, Röwşen çaýan garaga, Diýmäge geldi, obam. Bak, şol okalan mekdep, Beripdi ylym, edep, Görende tagzym edip, Gitmäge geldi, obam. Eh, gojaman Daýhanym, Garşylap dur myhmanyñ, Ýene Tañry salamyn, Bermäge geldi, obam. Mustapa, dymdy ozal, Bilse-de, keşbiñ gözel, Ýadygärlik bir gazal, Goýmaga geldi, obam. Mustapa WELLÄÝEW. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |