17:26 Bagyşla! | |
BAGYŞLA!
Goşgular
![]() Ejem! Käbäm ejem!.. Bolmadyk bolsañ, Ýaşardymmy gözel dünýäde eýsem? Belki, bolmazdym men hem! Belki... sen hem - Gözleriñi giden taýyma dikip, Hyýal atyñ bilen menziller söküp, Ýoksuradyp urşa giden ogluñy Turmazdyñ gijeler tisginip, böküp. Ejem! Janym ejem!.. Bagyşla, gelebilmedim... Seniñ gözýaşlarñy sylabilmedim. Soñky demde "Oglum!" diýip, Bu dünýäden ötdüñ, ejem. Ahyr soldat ogluñy-da Görüp bilmän gitdiñ, ejem! Ejem! Şöhratym-şanym, ejem!.. Ugradyp bilmedim soñky ýoluña. Ýazgarma meni. Gündizim-gijäm Geçdi ýeñşe alyp barýan ýörişde. Ganhor salsa-da ýara, Çekse-de dara, Gömse-de guma, Salsa-da tüme. Seniñ päk süýdüñden alan kuwwatym, Watan öñündäki kasam-niýetim - Galdyr aýaga, ölmedim, ejem! * * * Ejem! Käbäm ejem!.. Başujuñda men. Çar tarap ümsümlik. Dünýä örän geñ. Durun men bu ýerde egip başymy. Duýmazdan dökýärin gözden ýaşymy... Gel, ejem! Bir seret, soldat ogluña! Seret, ejem, seret, Perhat ogluña!.. Gurşap dur daşyñy meñ zürýatlarym! Bu günüm, ertirim, göwün şatlarym! Ruhy ALYÝEW. "Sowet Türkmenistany" gazeti, 1973 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |