22:42 It saklaýan aýal | |
IT SAKLAÝAN AÝAL
Goşgular
Parižde gördüm ony, ýanynda akja iti... It bilen ýaşamaklyk boldy ahyr kysmaty. Takmyn elli ýaşynda, Hossary ýok daşynda. Ýekeje güjüjegi, Oýnap bökýär gaşynda... Ol ýaş-juwan çagynda enaýyja gözeldfi, Gözellik babatynda bir ajaýyp gazaldy. Gozi-gaşy näzlidi, Bilbil dek owazlydy, Humar gözli, altyn saç, Süýt aýly ak ýüzlüdi. Luiza ýaşlygynda çekip görmändir arman, Tirme, ýüpek, şal geýip, günde tapyp bir juwan, Näçe gezse doýmandyr, Armanyny goýmandyr. Atasynyň mirasyn berip aýşy-aşrata, Kazino, traktirde kowalaşyp "şöhrata". günde bir dürli geýip, Günde müň dürli iýip, Içip wiska, al-şerap, Çekipdir özüçe keýp. Pariž gijelerinde ol gaş kakyp, gözü süzdi. Fokstrot, tango diýip, tans edip, gaz dek ýüzdi. Dekalte lybasynda, Gyzyl gül ýakasynda, Meýden mest-humar boldy Ýigitleň arasynda. "Bugy-bugy" oýnady negr ýigitler bilen, Kabarylarda boldy uzak gijeler kileň... Mermer dek göwsi açyk, Saçlar Ganga dek saçyk, Saz batly ýaňlananda, Duş gelene diýdi: "Çyk!" Parižiň tüm gijesi söýýär beýle gyzlary! Söýýär tiz dogup batýan, öçügsi ýyldyzlary. Pariž syrlardan doly, Luiza geçdi ýoly. Bir garasa gün geçip, Boşapdyr sagy-soly. Geçdigiýçe aý-ýyllar ýygyrt basdy ýüzüni, Aýna siňe seredip, tanamady özüni... Öňki görkden ýok nyşan, Daşynda ýok bir juwan. Ömrün küle sowurdy, Diýse-de: "Wah, wah, arman!" Wagtyndan öň garrady, soldy gül dek ýaňaklar! Dodagynyň gany ýok, sallanyp dur eňekler. Saraldy gül ýüzi-de, Öçen ýaly gözi-de, Käte demi-de gysýar, Düşnüksiz oň sözi-de. Zürýat diýip doktora ýüzlense, em bolmady, Perzendi: "Eje!" diýip, guran göwse dolmady. günler hasratda geçdi, Umytlar bir-bir öçdi. Ol ýekeje-täk galdy, Şowhunly günler geçdi. Ýekeligiň derdinden it alyp, etdi hemdem! Onuň bilen ýaşady, onuň bilen aldy dem. Bezedi gurjak ýaly, Geýdirdi tirme-şaly. It ömür zürýat bolmaz, Bolsa-da ol wepaly. Ruhy ALYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.10.1959 ý. | |
|
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||