16:21 Liwandan eliňi çek! | |
LIWANDAN ELIŇI ÇEK!
Goşgular
Liwan! Liwan! Liwan! Üstüňe çozýar duşman! Onuň niýeti ýaman! Gözünde oýnaýar gan! Onuň sansyz gämisi sürünýär seň üstüňe, Ýerden, suwdan, hem gökden geçip seniň kastyňa, Seniň dogjak günüňi ol bogmak hyýalynda... Onuň gözi ýurduňyň döwletinde, malynda! Ol gan soran sülük dek, nebtiňi sorup gelýär, Ol wagşy doňuz ýaly ýeriňi dörüp gelýär... Ol asyrlar boýunça hasylyň orup gelýär... Seniň maňlaý deriňiň eşretin görüp gelýär! Sen gulçulyk zynjyryň ýolup zyňýarsyň indi, Ol jebirden, sütemden ömür dynýarsyň indi. Sen-de erkin dem alyp, isleýärsiň ýaşamak! Güýjüňe kuwwat goşýar: Müsür! Siriýa! Yrak... Gorkma arkaňda durýar arap, hindi hem Hytaý! Ýüzüňe ýagty saçýar gündiz güneş, giej aý! Ähli päk ýürek ynsan bu gün saňa tarapdar, Meniň halkym, watanym hak işiňi goldaýar. Liwan! Liwan! Liwan! Dollar eýeleriniň gözünde gan! Olarda ýok wyždan! Olara million-million jan-siňek ýaly görünýär... Olar bu gün uruş diýp, seň ýurduňa sürünýär, Çekirtge çozan ýaly, olar çozýar üstüňe, Geçip seniň erkiňiň hem ýurduňyň kastyna, Ýene seni gul edip işletmek hyýalynda... Olaryň gözi seniň döwletiňde, malyňda! Sen bu gün öňki dälsiň, başgadyr indi zaman! Öz ýurdunda gul bolup ýaşaýyp bilmez ynsan!.. Onuň goşuny däl-de, sürünse-de dünýäsi Bolup bilmejek indi seň ýurduňyň eýesi! Jenaplar unutmasyn taryhyň sapagyny... Gylyç hiç wagt kesmez öz gabynda gynyny, Ähli arap dünýäsi gelýär saňa kömege, Goý, jeňbazlar goýmasyn özlerini emgege, Diňle, liwanly dostum, diňle, arap gardaşym! Diňle, erk üçin galan meniň mert ýürekdeşim! Bu gün ähli diýýär: Liwanla öz ýurdunyň nebti, çöregi gerek, "Liwandan eliňi çek!" Seniň arkaňda durýar päk ýürekli adamzat! Seniň işiňe dostum, dostlaryň göwünden şat. Gorkma, berk dur postuňda, sürünse-de ol ýylan! Dilin bulap çykaýsa, başy ýolunar hökman!... Unutmasyn jenaplar goý taryhyň sapagyn, Gitler-de goşun sürüp, depeläp il topragyn, Näme gördi soňunda... Goý ýatlasyn "Agalar!" Gitleriň göreni-de ABŞ-nyň başynda bar. Gana suwsan ganynda boguljakdyr, bil dostum! Halkyň güýji tükenmez, bermez urşa ýol, dostum! Ruhy ALYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |