22:09 Onsaň? | |
ONSAÑ?
Goşgular
![]() - Ykbaldan soraglym gyzyl ne zer ne, Ömrüňe düşäýin ömrüm haly deý. Ýöne ala gözleň al bolup her nä, Geljegme bakmasyn palçyň paly deý. Gözýetimden belente sen. Wah, ýone asmanda bolsaňam sen deňim, demim. Sag aýakdan girip gelgin dünýäme. - Enşalla! - Ýene bir islegim meniň. Sözlem duz deý doň mähriňi eretse, Armanly dünýäniň ýüki ýeňlärdi. Onsaň bagt diýilýän naçar, neresse, Keleteje boýuny daga deňlärdi, ýeňlärdi gadamym güç alyp senden, Mähirlim, mähiriň bulut deý diňse. Umman men söýgini al ýene menden, Şeýdip mähir aýlansyn-dursun. -Onsaň? - Doglup ölmedigim ediler ykrar, Gözleň bilen ykbalymyň gaşynda... Yşga sataşanlar gaýtalap okar, "Söýdi, söýüldi!" -diýp, mazar daşymda. Emma, ölmese-de dünýäň zaru-ahyndan, Söýginňem ýeke sözde merki bar. Kasam içsem-de men ten däl ruhumdan, Dar kalbymyň bir çüňkünde gorky bar. Ykbalym çat açyp syzylyp çyksaň... (Oýlamak aýylganç, estagpyralla.) Şonda müýnli garap yzyňa baksaň, Ozaly ýa Hudaý, söz berýän, walla, On sekiz müň älem içre gözlärin, Ömür mende men ömürde pany däl. Uçmah üzre dowz içre gözlänim, Uşbu sözlem garry mamaň paly däl. - Onsaň? - Giderin, ýollaram saklamaz meni, Ýoklugyňdan aýrylmaga hemişe. Giderin, Günüňem tutular demi, Hem ir batar hem-de eder endişe. Giderin mem galmasa-da mütdetim, Benijandan däne alyp karzyna. Giderin dünýäniň undup sünnetin, Giderin dindarlaň bakman arzyna. Ähli zatdan çykyp giderin mundan, Senden özge ýoklga özüm ataryn. Hiç ýerde durman barlygy unuda, Diňe barlygyňda mekan tutaryn. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |