01:55 Pelwerdiñ tallary | |
PELWERDIÑ TALLARY
Pelwerdiñ tallary belentdir-belent, Muña "hawa"diýer Pelwerde belet. Şol tallañ astynda ýürek ýitirdim, Tapdy Pelwertli gyz, sil tutmady bent. Pelwerdiñ tallary belentdir-belent. Pelwerdiñ tallary görner uzakdan, Bihabar entedim söýgi duzakdan. Pelwertli gyz göwher monjuk ýitirdi, Tapyp berdim ýüküm ýetdi güzapdan. Pelwerdiñ tallary görner uzakdan. Pelwerdiñ tallary durandyr hatar, Şol tallaryñ aşagynda gün batar, Aý ýagty, dört setir gazal ýitirdim, Tapdy gyz enesi, neneñ dañ atar! Pelwerdiñ tallary durandyr hatar. Iki şarpyk çaldy ene gyzyna, Degme diýip, tallar epdi dyzyny "Iki şarpyk dört setire az ene!" Pelwertli gyz ýene tutdy ýüzüni Degme diýip tallar epdi dyzyny. Ýyllar ötdi,tallañ baryn çapdylar, (O tallar neneñsi döwre bapdylar.) Şo tallañ astynda reñki öçmedik, Goşa şarpyk bilen şygyr tapdylar. Ýyllar ötdi, tallañ baryn çapdylar. Ýyllar ötdi, tallañ baryn çapdylar. Emma çapmañ diýip kän sargapdylar. Şo tallañ astynda ýylsy gitmedik, Lowlap duran goşa közi tapdylar, Söýgi, söýgi diýen, sözi tapdylar. Ökdem EMINOW. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |