10:20 "Polşañ eteginde ýarylan bomba..." | |
"POLŞAÑ ETEGINDE ÝARYLAN BOMBA..."
Polşañ eteginde ýarylan bomba, Türkmen ýigidiniñ ömrüni üzdi. Bu şum habar Garagumy nazarlap, Üç burç bukja girip, üç aýlap gezdi. Gowşurdylar enä matamly haty, "Ogluñ batyrlarça..." Ýykyldy ene. Öýüñ tärimleri jygyldap gitdi, Üç aý öñki bomba "ýaryldy" ýene. Ýogsam ahyrlapdy bu ýowuz uruş, Berlinde ýanýardy iñ soñky däri Buşlukça garaşýan serwi derekleñ, Ýene tabyt üçin ýykyldy biri. Maral GARLYÝEWA. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |