09:32 Ynanarmykan? | |
YNANARMYKAN?
Goşgular
![]() Maýadarlañ "ýaragsyzlyk" sözlerne, Dünýä ýoksullary ynanarmykan? Ýurtbasarlañ gandan gyzyl gözleri, Işçiler ganyndan hi ganarmykan? Aýba-aý artdyrýar deñiz güýçlerin, Görkezýärler sözleriniñ puçdugyn, "Ýaragsyzlyk" diýip görýän işlerin, Ýaragy köpeltmek ýol alarmykan? Ýalan gowga salyp, külli jahana, Gözbagçylyk üçin gury bahana, Zähmetkeşler düşýär syrry-nahana, Bolany bir taýa dolanmazmykan? Maýadarlar taşlajakmy ýaragy? Ýarag dälmi ýurtbasarlañ geregi? Gözleri kör bolup, çyksa garagy, "Ýarag-ýarag!" diýip dillenermikän? Hakyky dynçlykdyr Meskew myrady, Rahat-asudalyk tüýs gerek zady, Maýadary ýakjak ynkylap ody, Uçgundan tutaşyp ulalmazmykan? Dekabr, 1929 ý. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |