08:39

Pelek urdy neşäni

PELEK URDY NEŞÄNI

(Neşekeşiñ dilinden)

Dat edeýin gahba pelek elinden,
Gerdenime pelek urdy neşäni!
Umydym kesildi gyzdan, gelinden,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Armanym köp öňki öten wagtyma,
Başym aýlap, şikest berdi bagtyma,
Zorum, kuwwatym ýok, baksam sagtyma,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Neşäm ýetse, bolan käriň biri men,
Daglaryň arslany, çölüň şiri men,
Ýüzüm görsem: ölenleriň biri men,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Gözüme görünmez oglan-uşagym,
Egnimde donum ýok, bilde-guşagym,
Neşäm ýetse bedew bolar eşegim,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Owwal çekdim, mazasyny gant etdi.
Atam-enem "barma" diýip pent etdi,
Bara-bara aýajygym bent etdi,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Elimden alypdyr ygtyýarymy,
Hiç ýere ýetirmez ahy-zarymy,
Oda urdum elimdäki barymy,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Keýpim tutup durdy, neşe zor etdi,
Huşum alyp aklym gözüm kör etdi,
Nalaç bolup, eziz başym hor etdi,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Duşmanym ýigrener, dostum hem söýmez,
Her günde ýüz çeksem, hiç göwnüm doýmaz,
"Gel barmaýyn" diýsem erkime goýmaz,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Çekmesem, jesetden janym üzüler,
Çeksem, öz halyma göwnüm pozular.
Ses burnumdan çykar, gözüm süzüler,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Kimiň işi gaýtsa, ol neşe çeker,
Malynyň, pulunyň soňuna çykar,
Dodagyň suwlary burnundan akar,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Halyma hoş bolup güle bilmenem,
Başyma ne geler bile bilmenem,
Men binamys, indi öle bilmenem,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Jan agalar, sizler meni geň görmäň,
"Jany sag!" diýp, özüňize deň görmäň,
Gygyryp aglasam, sesim geň görmäň,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Öten günüm ýada salyp, aglaram,
Deňim-duşum görüp, bagrym daglaram,
Bir otyrkam, özüm ölen çaglarym,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Syrymy paş etsem ýakyna, ýada,
Pelegiň elinden gelmişen dada,
Rahat ýaşamadym bu giň dünýäde,
Gerdenime pelek urdy neşäni!

Mollamurt (1885-1930).
Категория: Goşgular | Просмотров: 579 | Добавил: Gurban | Теги: Mollamurt | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]