09:48

Tutsa gerekdir

TUTSA GEREKDIR

Ýaranlar Eziz han toýuny indi,
Bir sähetli gün belläp tutsa gerekdir.
Mollamurt hiç gitmän öýüne indi,
Her dürli dessanlar düzse gerekdir.

Başdan aýak külli Ärsary gelip,
Teke, Salyr, Saryk bisýary gelip,
Utamyş, Togtamyş hem bary gelip,
Bir-birinden öñe gitse getekdir.

Bir aý baýrak bolar bedew çapylyp,
Meýdanlar süpürlip suwlar sepilip,
Köñül isläp herne zadyñ tapylyp,
Dilegi Alladan bitse getekdir.

Ürgençden, Balkandan, Gazmyn, Tährandan,
Maşatdan, Hyratdan, Balh-Badahşandan,
Gazakdan, Galpakdan, Gyrgyz, Kokantdan,
Toýy gutlamaga gelse gerekdir.

Niçe müñ bagşylar hoş owaz bilen,
Söhbetler gurular dürli saz bilen,
Näçe müñ perizat geler näz bilen,
Harem tomaşasyn etse gerekdir.

Eziz etmiş möwlam ezelde muny,
Köñlüne salmandyr zerre gaýgyny,
Toý üçin halaýyk jem bolan güni,
Serpaýynyñ sany ýetse gerekdir.

Türküstan oblastda tapylmaz taýy,
Eziz etmiş milletleriñ hudaýy,
Şudur ýerde bolsa Hatamyñ taýy,
Şadu-horram bolup gitse gerekdir...

Mollamurt.
Категория: Goşgular | Просмотров: 348 | Добавил: Mahymm | Теги: Mollamurt | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]