08:40 Siziñki | |
SIZIÑKI
Goşgular
![]() Ýer-suwdan paý alan garyp ýoksullar, Agdaryñ, dönderiñ, ýer-suw siziñki. Ýap gazyp, pel çekip, düzediñ ýerler, Garyp zähmetkeşler, ýer-suw siziñki. Reforma bir ýaşyn doldurdy geçdi, Sansyz zähmetkeşin gözlerin açdy, Süýthoryñ dilegi tersine düşdi, Ynkylap miwesi - ýer-suw siziñki. Traktor şereketini birleşip açyñ, Täze durmuş isläp, köneden geçiñ, Kooperatiwe üýşüp, çastnydan gaçyñ, Güýç birgerip işläñ, ýer-suw siziñki. Koşçynyñ soýuzyn asla ýatyrmañ, Ýer-suwlar gaýdar diýip, göwne getirmäñ, Güzeran düzediñ, bikär oturmañ, Süýthorlara garşy göreş siziñki. Işçi-daýhan birleş hemme işlerde, Söýenşen ýykylmaz, bolsa her ýerde, Zalymlar duşmandyr bize her derde, Partiýanyñ dogry ýoly siziñki. Okadyñ ýaşlary, ogul-gyz diýmäñ, Koşça ýerleşdiñ, zähmetkeş goýman, Okuw okañ, könä edip puşeýman, Nadanlygy taşlañ, döwran siziñki! Oktýabr, 1926 ý. Mollamurt. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |