00:40

Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Halk bilen gatnaşygy

PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI

▶ HALK BILEN GATNAŞYGY

Pygamberimiz ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli dürli hünärli adamlar bilen gatnaşyk açyp, ynsanlar arasynda tapawut goýmandyr. Täze döreden jemgyýetinde her kimiñ mynasyp paýyny bererdi. Musulmanlary gün-günden bagtly hem şadyýan ýaşar ýaly etmek, onuñ turuwbaşdan ýüreginde beslän işlerinden biridi. Muhammet pygamber (s.a.w) her üýşmeleñde möminlere: "Biri-biriñizi söýgi bilen bagryñyza basyñ, ýürekden söýüñ, biri-biriñize jaýyñ diwary ýaly bolup jebis duruñ, gamly, şat günleriñizde-de, gytçylykda, bolçulykda-da bir bolşuñyzy saklañ, biri-biriñizi goldañ, biri-biriñize hemaýat beriñ, biri-biriñizden zadyñyzy gaýgyrmañ, içiñizde biri-biriñize kine saklamañ, alçak boluñ, tekepbirlikden, men-menlikden daş duruñ, biri-biriñiz barada alada ediñ" - diýip, maslahat bererdi. Adalat, söýgi, merhemet, geçirimli we jomart bolmak, birek-birege hemaýat bermek ýaly beýik dini hem-de ahlak ýörelgeleriniñ musulmanlaryñ göwünlerine soltan bolmagyny Muhammet pygamberiñ ak ýürekden isländigini biz anyk aýdyp bileris.
Pygamberimiz garyp-gasarlara has ýakyn durardy. Baýlara tekepbir bolmazlyklaryny, ellerindäki mal-mülkleriniñ garyp-gasarlaryñ zähmetiniñ eseridigini aýdyp berip, olara: "Işläne iş hakyny mañlaýlarynyñ deri guramanka beriñ"[1] diýip, iş buýrýan musulmanlara öwrederdi. Işçilere bolsa edýän işlerini mümkingadar oñat etjek bolmagy maslahat bererdi. Bir gezek üst-başlaryndan garypdygy bildirip duran bir topar adam pygamberimiziñ ýanyna geldi. Pygamberimiz olaryñ halyna gynanyp, ur-tut sahabasyna görkezme berip, gelenlere gerek bolan kömegi berdirdi.
Halk bilen gatnaşykda peýdaly gürrüñler etmegiñ ähmiýeti uludyr. Pygamberimiz gürlän wagty salyhatly gürlärdi, her sözüni bölüp-bölüp aýdardy. Ol gürlände aýdýan zatlaryna düşünmän galmak asla mümkin däldi. Diñleýänler Onuñ sözlerini ýat tutmaga-da ýetişýärdiler. Gürleşýän adamy-da az boldy, köp boldy - oña tapawudy ýokdy. Ol gürlände tebigy bir sypata girip, howlulman mylakatly gürleşerdi.
Wagt tapsa, çakylyga-da giderdi, oturyp adamlat bilen dürli meselerden söhbet açardy. Sahabalardan Zeýd bilen Sabit (r.a) hezretleri: "Pygamberimiz adamlaryñ arasyna baryp, olar bilen dürli meseleler barada söhbet gurardy" diýip gürrüñ berýärdiler.[2] Myhmançylykda bolanda, pygamberimiz öñünde arpa nandyr hurma goýulsa-da ony höwes bilen iýip, öý eýesini utandyrmajak bolardy.[3]
Pygamberimiz ýygy-ýygydan bazarlara baryp dükanlara aýlanardy. Käwagt terezini eline alyp, ony nähili çekmelidigini satyjylara öwrederdi, söwdada dogry bolmagy olara maslahat bererdi. Öndürijileriñ we alyjylaryñ biri-birlerini aldaman söwda etmeklerini gazanardy.
Müşgili bolan her bir adam pygamberimiziñ huzuryna girip, oña beresi gelen sowalyny berip, kanagatlanarly jogap alardy. Ol hassalaryñ halyny sorap durardy. Olaryñ tizräk aýaga galmagyny dileg ederdi, agyr ýatan hassa göwünlik bererdi. Pygamberimiz jynaza gatnaşardy, merhumyñ ýakyn hossarlarynyñ başlarynyñ sag bolmagyny dileg ederdi, olara göwünlik bererdi.
Goñşa goldaw bermek yslamyñ asylly däplerinden biridir. Pygamberimiz aýallary tebigatyñ ýaradan iñ bir näzik gözelligi saýyp, olar bilen özüni mylaýym alyp barardy. Olara ýetirjek zadyny köplenç aýallarynyñ üsti bilen ýetirerdi.

______________________________________
[1] Ibn Maje, Ruhun, 4; Haýretdin Karaman, "Yslamda işçi-iş beriji gatnaşyklary", 48-51 sah;
[2] Hoja M.Raif Efendi, "Mugtasar Şemaýyly Şerif terjimesi", 238 sah;
[3] A.a.e., 229 sah.

Hüseýin ALGÜL.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 462 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hüseýin Algül | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]