04:31

Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Kiçigöwünliligi

PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI

▶ KIÇIGÖWÜNLILIGI

Hezreti Omaryñ (r.a) aýtmagyna görä, pygamberimiz (s.a.w) oña: "Hristianlaryñ Isa pygambere Allanyñ ogly diýişleri ýaly, siz hem meni aşa öwmäñ. Men diñe Allanyñ guludyryn. Sizem maña Allanyñ guly we ilçisi diýip ýüzleniñ" diýipdir.
Hezreti Enes (r.a) şeýle bir wakany gürrüñ berýär. Bir adam pygamberimize: - Eý, Seýidimiz we Seýidimiziñ ogly! - diýip, ýüzlenende, Ol: "Beýle diýmäñ! Şeýtan sizi nebsiñiziñ ýesiri edip goýaýmasyn. Men bary-ýogy Abdyllanyñ ogly Muhammet hem-de Allanyñ resulydyryn"[1] diýip, jogap beripdir.
Öýünde özüni alyp barşy hem onuñ biçak pes göwün adam bolandygyna güwä geçýär. "Pygamberimiz öýünde özüni nähili alyp barardy?" diýen soragy berenlerinde, Hezreti Äşe şeýle jogap beripdir:
- Pygamberimiz öýüne gelende öýdäkileriñ hemmesi bilen bir meñzeş mähirli görşüp çykardy. Egin-eşiginde sökülen ýeri bar bolsa özi serederdi, goýunlary özi sagardy, maşgalasyna öý işinde gerek bolan kömekleri bererdi. Özi bazara giderdi, hökman haýsy-da bolsa bir zatlar alardy, ýüküni hem özi götererdi. Daşyndaky sahabalar: "Rugsat ediñ, bizem kömekleşeli" diýenlerinde olara-da - Her kim öz ýüküni özi göterse ýagşy - diýip, jogap bererdi. Köwüşlerini hem özi ýamardy.[2]
Ýüñden eşikler geýerdi, ulag dannamazdy, hyzmatkärleriniñ, gullaryñ çakylygyna-da giderdi. Hyzmatkärler, dul aýallar bilen gürrüñdeş bolup, olara kömek ederdi. Bir gün onuñ ýanyna bir aýal geldi. Ol:
- Ýa Resulalla, meniñ Size bir aýtjak zadym mätäç zadym bardy - diýdi.
Ol aýal garrydy, belki-de näme diýip, näme goýýanyny-da doly bilmeýärdi. Şonda-da serwerimiz özüniñ her bir ynsana goýýan hormatyny oña-da goýup:
- Eý ýeññe, Medinäniñ haýsy ýerine barmaly bolsa aýt. Saña kömek ederis! - diýip, jogap berdi.
Ol aýal çykyp gidip, Medinäniñ köçeleriniñ birinde otyrdy. Pygamberimiz onuñ ýagdaýyny bilip, oña gerek kömegi berdi.[3]
Enes ibn Mälik (r.a) şeýle gürrüñ berýär:
- Hezreti pygamber ömründe bir hezek haja gidipdi. Ol ýolda bir düýä mündi. Düýäniñ howudy gaty könedi welin, onu bazarda satsañ, dört dirheme-de geçjek däldi. Hezreti pygamberimiz şonda-da:
- Eý, Allam, ryýa we sumgadan (ýagny il görsün, eşitsin diýip bir iş etmekden) daş edeweri - diýip dileg edýärdi.[4]
Hezreti Jabir (r.a) şeýle gürrüñ bererdi:
- Men näsagdym. Hezreti pygamberimiz şonda öz aýagy bilen öýüme gelip, halymy sorap gitdi.[5]
Pygamberimiz dirikä sahabalardan Abdylla ibn Ýusr (r.a) onuñ huzuryna baranda inini tutabilmän titräp başlapdyr. Şonda pygamberimiz: [i]- Eý, gardaş, titräp durma! Men patyşa däldirin, menem bir nanyny gury iýýän kureýşlerden bir aýalyñ ogludyryn"
[6!] diýdi.
Bir günem ýañky sahaba pygamberimize bişirilen goýun etini eltip beripdir. Hezreti pygamberimiz ýanyndaky musulmanlar bilen getirilwn nahardan çök düşüp, iýmäge durupdyr. Şol wagtam gapydan bir çarwa adam gelipdir-de olaryñ bolup oturyşlaryny görüp geñ galypdyr. Sebäbi, çök düşüp nahar iýmek ejizleriñ, misginleriñ, garyp-gasarlaryñ edähedidi. Ýañky adam Muhammet pygamberiñ (s.a.w) garyp-gasarlaryñ oturyşlary ýaly oturyp nahar iýmesinden many alyp bilmändir. Onuñ ýagdaýyny añan pygamberimiz oña:
[i]- Allatagalanyñ meni keremli bir gul edip ýaradanyna şûbhe ýokdur. Ol meni jepbar (islänini edýän we keçjal edip ýaratmady -[7] diýipdir.

________________________________
[1,2] Tirmizi "Şemaýyl", 57 sah.
[3] Ibn Kesir, a.a.r, 88; Tirmizi, a.a.e, 55 sah.
[4] Hoja M.Raif Efendi Mugtasar Şemaýyly Şerif terjime, 229.
[5] A.a e 236.
[6] Abdyrahman Azzam "Resuly Kerimiñ nusga Ahlaky", terj.Haýretdin Karaman.
[7] Hoja M.Raif Efendi, a.a.e., 103.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 401 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hüseýin Algül | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]