13:00 Pyragy ili - Beýikler ili | |
PYRAGY ILI - BEÝIKLER ILI
Goşgular
Pirim, tagsyr Magtymguly, Okan medresäñi görsem. Iliñ şahyr Seýdi ogly, Seniñ-de obaña barsam! Andalyp hem Şeýdaýyny, Baýram Hanyñ ol jaýyny, Bolup göýäki Saýyly, Türkmenimi synlap dursam. Mollanepes şygyr ýazan, "Zöhre-Tahyr" dessan düzen, Mätäjiniñ joşup gezen, Daglarynda gezsem ýörsem. Zelili çekmiş jepany, Nowaýy görmän wepany, Kemine şahyrym kany, Mekanynda meýlis gursam. Durdy şahyr aýdyş guran, Aşyk Aýdyñ sapak beren, Guburyña edep bilen Başym egip, salam bersem! Misgingylyç döräp ýeten, Hem Gaýyby munda ýatan... Ýürek sende gezer, Watan, Myrady - kimligim sorsañ... Şaýmerdanguly MYRADY, Päkistanly türkmen. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |