11:45 Saña minnetdar | |
SAŇA MINNETDAR
Ýok meniň üýtgeşik terjimehalym, Ölçemedim ýoluň ýakyn-daşlygyn. Ýöne men şo ýolda hoş habar aýdyp, Alan bolsam bir kişniň buşlugyn, Men sana, minnetdar, gözel ýaşlygym! Çagalyk bireýýäm gizlendi, bizden, Gör, indi ýygyrtlar ýol salýar ýüzden, Sypmaly däl ýagşam, ýamanam gözden, Aňlan bolsam günleň ýaz ýa gyşdygyn, Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym. Köp zat görjek boldum, durman galgadym. Ejizlere haýpym geldi, agladym. Güýçlä garap arzuw-ganat bagladym, Çyn bolaýsa kötellerden aşdygym, Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym. Kalba joşgun berdi jomart Garagum, Aýdym boldy iň söýgüli ýaragym. Şygrym bilen iki sany ýüregiň Ýakynladan bolsam aradaşlygyn Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym. Uzaltjak bolsam-da dogan her güni, Säginmän geçip dur olaň kerweni. Haýyşym bar, ýalňyz goýma sen meni, Baky senden ylham alsyn joşgunym, Ömürme hemram bol, gözel ýaşlygym. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |