02:13 Nazym Hikmete | |
NAZYM HIKMETE
Säher bilen ýene göwün galkyndy, Ýene "bolsadylar" çekdi elimden. Bu belent daglaryñ saýasyna men Ýöräp geldim şol beletje ýolumdan. Synlap dagyñ suratyny, durkuny, Ýylgyrdym, şatlandym misli bir çaga. Synlap dagyñ baýlygyny, görküni, Onlap "bolsadynam" uçurdym göge. "Bir zad-a bolmaly, näme bolsamkam!! Dagyñ buludymy, kümüş garymy. Magdanymy, ümürimi, gaýasy Ýa-da onuñ injirimi, narymy?!" Men jogap gözledim şeýle sowala, Men jogap gözledim, çar ýana bakdym. Şol mahal bir ýerden "Gulak sal, bala..." Diýip, dagyñ göwsün ýardyñ-da, çykdyñ. Gaýalardan gaýalara dyrmaşyp, Diýdiñ: "Ne gar, ne-de bag... bolgun, oglum. Başarsañ şolary özünde jemlän, Synlaýan dagyñ dek dag bolgun, oglum... Säher bilen ýene göwün galkynar, Ýene "bolsadylar" çeker elimden. Şu belent daglaryñ saýasyna men Ýöräp gerin şol belentje ýolumdan. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |