10:30 Täjir tanşyma | |
TÄJIR TANŞYMA
Ikimizem bir howadan dem aldyk, Ikimizem bir obada ulaldyk. Sen-ä täjir, menem eli galamly, Göräýmäge, senem, menem külaldyk. Täjirdiň, Kejirdiň, Halamadyň, goňşulary göçürdiň. Başda “dostum” diýip ýörenleriňi, Ýatdan öçürdiň... Näçe ýyldan soň görüşdik arada, Il içinde indi adyň “hajy aga”. Ýöne sen bolsaň-da “tüçjar baýlardan”, Seni diňläp-diňläp diýdim: “aaç, aga”. Söz açsaň-da gara maldan, goýundan, Ýat ekeni Gorkut ata, Pyragy... Nädip ýaşap ýörsüň, haýran bolmuşam, Gezseň-de Çynma-Çyn, Hebeş, Yragy... Diňläp seni birsalymda garradym, Tüm garaňky boldy bu ýagty jahan. Okaňda-da ikilige okapdyň, Garraňda-da ýaran eken şol bahaň... 22-23.12.2023. Surat: Sergeý Niwens / "Biznesmen" | |
|
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |