12:04 Sen maña düşünsediñ... | |
SEN MAÑA DÜŞÜNSEDIÑ...
Goşgular
"Ýürek saňa amanatdyr, Ömrüm saňa serpaý bolsun!" - diýdim, diledim Allahdan "Dileglerim berjaý bolsun!" Päk söýgiňe ömür diledim, Ynam diledim kalbyňa, Emma sen ne meni söýdüň, Ne-de ynandyň maňa, Arman, maňa düşünmediň, Wah, maňa düşünsediň! Öz dünýämi terk eýledim, Göçüp bardym seň dünýäňe. Meň söýgimi duýmaz ýaly, Sen kör, ýa-da güň däl-ä! Gün kän-ä, ýüregňi açmak isleseň, Men diňlärin, lal açan dek ses-üýnsüz, Sabyrly bolaryn, giň ýürek bilen, Sen maňa bolsaňam juda rehimsiz, Arman, maňa düşünmediň, Wah, maňa düşünsediň! Sen gideňsoň meň dünýäme Aralaşdy geň tukatlyk, Meň duýgulam sygman dünýä, Bolup barýar bir kitaplyk. Seni bilmän ynjytdym men, Özüm bilip ynjytdymmy? Saňa duşup unutdym men Lälikligmi, ynjyklygmy. Ynanjymy saňa baglap, Diňe saňa ynandym men Arman, maňa düşünmediň, Wah, maňa düşünsediň! Aýsapar EMELOWA. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |