21:02 Şerebeli setirler | |
ŞEREBELI SETIRLER
■ Parahora! Her kim senden hemaýata hantama, Her kim senden dürli kömek sorap dur, Wah-wah, endik gursun, açgöz gözleriñ, Ýüzlere däl, ellerine garap dur. * * * ■ Dagy nätsinler Goñşyñ dükanynyñ alyjysy ýok, Onsoñ öz-özleri dükana gelýär, Aýal-a satyja gymmata satjak, Adamsam alyjy; arzan dileýär. ■ Şöhratparaza Oda-köze düşüp çapýañ şöhrata, Bu ýaramaz derde ýolukduñ nirden? Çyranyñ yşgyna çarp urup köýýän Perwanañ ykbalyn alaýma birden. * * * Bilmese-de halk kim, hökümet näme, añy ýetýär ýeser göçüm etmäge. Yzgydy ýok golasy bar golunda, Doglupdyr ol diñe höküm etmäge. * * * Asgynmyñ ㅡ haýbatly sesdir, görgüli, Üstünmiñ ㅡ haýwandyr sessiz, görgüli. Göräýmäge, dag ýaly dik bolsa-da, ''Atdan beýik, itden pesdir'' görgüli * * * Bakman ýaşa, garra, aýalla, dula, Iñ mukadde zadyñ satýarsyñ pula, Irde-giçde tozjak bolsa türkmenim Diñe sen tozdyrsyñ, tozdyrsyñ tula. * * * Bolsa-da zehiniñ kemli hem kertik, Kitabyñ çykartdyñ pulluja ýortup. Seret, nasa dolap satýarlar ony, Hanha ak bazarda aldygna ýyrtyp. * * * Ol zyba zenanda pulam kän, goş kän, Daşdan göräýmäge, şeýle bir hoşpäl, Has pulluja ýaryñ ýesiri özem. Başy boş bolsa-da kellesi boş däl. * * * Biri çörek, biri çakyr satyp ýör, Biri gus-guruja akyl satyp ýör, Kemsiz münüp kellelini kellesiz, Eşegaraba deý şakyrdadyp ýör. * * * Halal zada haram zady gatyp ýör, Narpyzyny maşynlyja satyp ýör, Iliñ aýallarna suwjardyp agzyn, Öz aýaly bilen aýry ýatyp ýör. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |