08:16 Söýýän tapylmaz… | |
SÖÝÝÄN TAPYLMAZ…
Goşgular
![]() Görk-görmegňe aşyk kändir jahanda, Ýöne meniň kimin söýýän tapylmaz. “Ugruňda men ölsem” diýer, haçanda Ölmeli bolanda, ölýän tapylmaz. Aklym alyp, telbe edipdiň meni, Gara saçlaň halka eýläp, as meni, Säherler oýanyp, bagra bas meni, Günortan göreniň öýlän tapylmaz. Meger men deý yşga düşen bende ýok, Ýalan-ýaşryk näzirgemek sende ýok, Şelaýyn söz, boş wadalar mende ýok, Men deý dogrujasyn söýlän tapylmaz. Yşk bir şöhle, her kim gözün gapdyrar, Yşk bir derýa, müň Tahyry akdyrar. Oduňda tutaşyp, ýanan tapdyrar, Men deý kebap bolup, köýýän tapylmaz. Kim ýeter myrada jigerin ýakman?! Aşyga, elbetde, örtenmek hökman. Waspyňa söz gözläp, gijeler ýatman, Gara gözüne ganlar öýýän tapylmaz. Dünýä bir ýalançy, boş söze ökde… Gaç onuň ýanyndan göterip ökje, Aýdýan kändir ýok sözler ýürekde, Ýöne çyny bilen öwýän tapylmaz. Adam dünýä gelýär ondan ötmäge, Gara gözleň çuňlugynda ýitmäge, Soňky ýola ugranymda örtmäge Don tapylar, sary öýmäň tapylmaz. © Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |