23:00 Şükür, alhamdulylla! | |
ŞÜKÜR, ALHAMDULYLLA!
Goşgular
![]() Ýaş birçene barandyr, Bilmen niçe galandyr. Görgüleriň, azabyň, Ýaş-ýeleňe ýalandyr. Şeýtan bakmaz salyňa, Ýaş-u—juwan, çalyňa. Ýetjeksiň wysalyňa, Ýadyňdadyr, ýa, Alla! Hoş bolmadyň, Allaýar, Boş bolmadyň, Allaýar. Baş bolmadyň Allaýar, Adyňdadyr, ýa, Alla! Agşam ýatsak, ýa, Alla!, Ertir tursak, ýa, Alla! Eger ýatsak, turmasak, Şükür, alhamdulylla! Ýan bermediň şeýtana, Çykdyň göreş meýdana. Pälwan ýeter haýdana, Haýdanyňda, ýa, Alla! Şeýtan işi geň bolar, Baran ýeri jeň bolar, Ahyrsoňy teň bolar, Oduňdadyr, ýa, Alla! Agşam ýatsak, ýa, Alla!, Ertir tursak, ýa, Alla! Eger ýatsak, turmasak, Şükür, alhamdulylla! • SOWAL—JOGAP Diýseler: - Uzak ýola ýoldaş gerek. Saýla birin! Han gerçegiň içinden jan gerçegi saýlardym. Diýseler:- On gardaşyň içinden saýla şirin! Gardaş gowy, ýöne weli jan berjegi saýlardym. "On dostuň bar, "dost“ diýip, birin saýla“- diýseler, - Dostum- diýip, ýene men şan berjegi saýlardym. Jan gerçegim, jan berjegim, şan berjegim—Serdarym, Ol meniň ýolda ýoldaşym, hem dostum, byradarym... | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |