18:07 Sumbaryñ kenarynda | |
SUMBARYÑ KENARYNDA
Ser salyp men tot-tozanly geçmişe, Syryp barýan kert gaýaly ýakany. Hol-ha dik pesimde göwher gaşy deý, Ýaýlyp ýatyr Magtymgulyñ mekany. Sözle eý mähriban Sumbar jülgesi Senden bilýän zadym ýok welin meñ kän. Gamlananda Meñlisine duşuryp, Şahyry joşduran haýsy ýerleñkän? Görkezsene maña geçen gollaryn, Geçen ýollaryndan geçeýin menem. Togap edýän ýaly çeşmeleriñe - Içen suwlaryndan içeýin menem. Gaýta has-da dymyp, gözli gaýalar, Goñras çal perdesin çekdi gerşine. Ne-hä ýoldan, Ne-de goldan ses çykdy, Barýaryn men şol bir bolup barşyma. ...Soñra welin göz ýetirdim baryna Diñläp bir çopanyñ aýdymlaryny. Megerem, dymandyr bu mahal bar ýer, Diñläp Pyragynyñ aýdanlaryny. Dañatar AŞYRDURDYÝEW. "Sowet Türkmenistany" gazeti, 30.11.1967 ý. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |