10:53 Aldawçynyñ pañ-pañy | |
ALDAWÇYNYÑ PAÑ-PAÑY
Goşgular
Sen-ä meni aldaýaň, Menem seni aldaýan. Daýy-ýegen, dost-dogan... Yzymyzdan galmaýar. Goýup yzda çynymy, Öňe saldym jynymy. Diýdim aldap özümi: “Pyçak gyýmaz gynyny”. Asalymda ýalan bar, Ýazanymda ýalan bar, Gazanymda ýalan bar. Şo gazanda ýanan bar. Aldap bilýän pirimi, Çölde gaplaň, şirimi. Aldap ýörenlerimiň Aýt, senem birimi? Jyn çykmyşdyr gabyndan, Çyn ýasalmyş sabyndan. Meniň ýasan ýalanym, Ýasalandyr gawundan. Heýjan-elek, jan-elek, Sözüme diý-de: –Telek! Diýmeseler: “Aldaýar!”, Näme kemiň, Allaýar?! 08.01.2024. | |
|
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |