23:33 Sygan gelnine | |
SYGAN GELNINE
Goşgular
Aýalarny gerip, Garagöz gelin, Gür berjek bolýaňmy ykbalym hakda. Duýýaňmy ýüregmiň gürsüldisini, Aýby ýok, Aýdyber gözlerme bakda. Ýöne, Birje zady unutmaweri, Aýtsaňam agzyňdan haýyr açjak bol! Bilip bolmaz, Uzak ýoldur, ýolumda, Çataklyk bar bolsa Aýtman, gaçjak bol! Aýtma, Aýtma, bilmezlikdir gowusy. Ýakymsyz göz geçsin, Gulagma ilmän. Erte bu jahany goýýanam bolsam, Gideýin, Gidbänmi öňünden bilmän. Ýogsa, Bilýänsiňem, bolşuň däldigin, Ähli zat gül ýaly, Parahat ýörseň. Bu ýagdaý bildirmän geçibem gidýä. Az wagt, Göwnüňe basalyk berseň. Gözel ŞAKULYÝEWA. “Edebiýat we sungat ” gazeti, 30.05.1979 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |