20:29 Galkynyşyñ Täze ýyly | |
GALKYNYŞYÑ TÄZE ÝYLY
Goşgular
Döwür başgalandyr günleriñ hilin, Dörän gudratda güýji bar siliñ. Uly guwanç bilen garşyla, ilim, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Döwleti, döwrany, şöhrady bilen, Arzuwy, maksady, myrady bilen. Beýik Ogluñ goýan binýady bilen, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Göwünleri aýlap bagtyñ bagyna, Halkyny ýetirdi eşret çagyna. Ykbalyn ynanyp Arkadagyna, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Süýşürip sahraýa daglaryñ garyn, Belent perdä tutup dutaryñ taryn. Türkmene ýar eýläp gowluklañ baryn, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Güneş alyp göwni ýaly göwünden, Asmanyñ Aýyndan, nurana Günden. Gutlaglary ýollap ýeriñ ýüzünden, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Diýaryñ rahat durkun höwesläp, Baýlygy, barlygy köñlüne besläp. Türkmene tükenmez kän ömür isläp, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Bu bir ömür, şeýle zaman bolar-a, Daýanjy duýýarsyñ dosta-dogana. Yhlas-yrsgy bilen ätläp bosaga, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Ýurt dabarasy dünýä şan bolup, Ýaşalýar ýurtda jana-jan bolup. Prezidenti ýaly mähriban bolup, Geldi Galkynyşyñ täze bir ýyly. Gözel ŞAGULYÝEWA. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||