22:14

Šygyr

Категория: Goşgular | Просмотров: 436 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024

Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Atayew  
493
Aý, ýok, men-ä kabul edip bilmedim. Aýyplaşmaň.

0
2 bbaygeldiyew  
770
Güýzüň ýapraklaryna boýalan sözlerden düzülen setirlerne çoýunsaň diýip,
bir goşgy ýazdym.

Umumy güýz pasly sada ortaça ne yssy ne sowuk garaz jana ýakymly howa.şol terzdäki ot ýakylan ýylanmak üçin amatly.Men şeýleräk düşündim

Galanlary çylşyrymly hemem pikirlendiriji bolupdyr Ybraýym aga.ýöne hiç haýsysy meňki ýaly boş setirler däldigin bildirip dur..galamyňyz ötgür bolsun minnetdar

0
3 bbaygeldiyew  
770
Awtory siziň özüňizmi

0
7 ibrahimbadakhshan  
694
Hawa, 2007-nji ÿylda ÿazylan gošgy

0
4 Alaýabyly  
788
Birhili maňaha ýarady

0
5 myhman  
732
goşulmalarda harp ýalňyşy gitse badyňy alýa.

tomus yssysyna gargadyň

formasy biraz ýadyrgatjak bolýa. awtoryň okaýşyny diňläýseň. men dogry äheňde okap bilmeýän bolmagym ahmal.

şujagaz ýerindäki haýsy sözkä?

ÿaňladanaýdymlarymdan tolgunsaň diýip

a) ýaňadan
b) ýaňlanan

0
6 mango  
651
ýaňlanan diýdigi, ýöne özi ýaňladany üçin "ýaňladan" diýýä, belki "ýaňlandyran" bolmalydyr. ýaňlanan bolanda-da bolýan ýaly ýöne.
ýene bir ýöne, agyr okalýa goşgy...

0
9 ibrahimbadakhshan  
694
Hawa, Siziñ aÿdanyñyz dogry, yssysyna bolmaly. (ÿalñyš menden!)
ÿañlatmak: ÿañlandyrmak, ikisi bir many añladÿar. (ÿalñyšÿanmykam?)

0
8 mango  
651
krosword çözen ýaly.
ýöne, dogry çözüp bilmedim...
--
goşgy ýazan "Men" garşysyndaky "Sen".
"Sen" (ol) - "Ýaz güllerini äsgermeýän" eken, "Güýz gözelligini inkär edýän" eken, "tomus yssysyna gargaýan" eken, diýmek, gyş bilen problemasy ýok.
problemasy ýok diýsegem, "üşeýän" ýalam. "Men" diýýär: "...setirlerne çoýunsaň diýip, ...goşgy ýazdym.". diýmek üşeýär.
---
Ýazyň güllerini äsgermän,
Güýzüň gözelligini inkär edeniň üçin gazanan günäleriňden ýuwunsaň diýip,
bir goşgy ýazdym.

gülleri äsgermezlik, güýz gözelligini inkär etmek - günämi?
jedelli bir zat.
eger günä hasaplasak, günäni goşgy dälde, toba ýuwup biler.
eger goşgy günäni ýuwjak bolsa - onda toba etmäge itekläp biljek güýçli goşgy bolmaly.
aslynda, goşgy - söz.
sözem - oýun zat däl.
(hristianlar-a "soz - Hudaý" diýýäler)....
Kuranam goşgy formasynda diýýäler.
diýmek goşgy täsirli zat....
(garyşyk içgeplemlerimi duruzaýyn....).
---

0
10 mango  
651
Sen, tomus yssysyNY gargadyň,
Sen, tomus yssysyNA gargadyň,
---

Men,
sözleriň maňlaý derini sylyp,
perdelerden daman ganlary duýup,
ÿaňladan aýdymlarymdan tolgunsaň diýip,
bir goşgy ýazdym.

bir seretseň: "maňlaý derini sylýan", "daman ganlary duýýän" - goşgy ýazanyň özi ýaly.
ýene bir seretseň: "maňlaý derini sylmaly", "daman ganlary duýmaly" hemem "aýdymdan tolgunmaly - "Men" däl-de "Sen (ol)" ýaly...

----

sözleriň maňlaý derini sylyp,
perdelerden daman ganlary duýup,

şu iki deňeşdirmeliňden ikinjisini has haladym.
bagşy şeýle bir özünden gidip, saza girip çalýar welin, dutaryň perdelerinden gan damýar... ýöne ony hiç kim görenok.
görenok - sebäbi gan ýok.
ýöne, ony görmek üçin duýmaly.
duýsaň - görünýär.
Ybraýym duýupdyr we görüpdir.
gowy.

0
11 mango  
651
Ýigit setirlerme,
guçduryp gyzly bentlerimiň inçe billerin,
ÿaş aýaklary,
näzik elleri,
däli tenleri,
tans etdirdim meýdanda.

---
setirler - ýigit
bent - gyz.
goşgyny iki bent hasaplasak, onda:
iki bent - 2 gyz,
iki bentde dört setirden jemi sekiz setir setir - 8 ýigit.
ýigitleriň ikisi gyzlary "guçup tans" edýärkäler, beýleki altysy garaşyp durlar (gezekleri gelýänçä).
setirler bentleri ýadatjaga meňzeýär.
ýigitler kän, gyzlar az.
statistika näme diýýärkä?
aýal känmi erkek?
ufffff.
goşgy näme diýýä, men näme pikir edýän, nirä barýan...?
---
Ybraýym däde.
ne çözüp bildim ne-de duýup...

0
12 Netflix  
776
Ýürekden çykan setir ýürege barar...

0
13 Hyýalkeş  
752
Çuñluk hiç kimiñ düşünmejek zadyny aýtmak däldir.Her üýtgeşik zat,her täze zat gowy zat däldir.Içinde ritmi,äheñi bolmadyk goşgy poeziýa däldir.Şu aýdylan sözlemleriñ öñüne "Meniñ pikirimçe"sözlerini goşup okamaly.Ybraýym daýy meni bagyşlasyn.
Hemem ugradan kitaplarymdan haýsy şahyryñ döredijiligini haýsy goşgularyny halandygyny aýtsa hoşal bolardym.

0
15 ibrahimbadakhshan  
694
Mahym ÿegen, Men bu gošgyny aklamak üçin ÿazamok. Gošgy gošgudyr-da, halanam tapylar, halamaÿanam, ÿöne siziñ bu kesgitläp ÿazan sözlemleriñiz, meni ÿazmaga mejbur edÿär.
( Çuñluk hiç kimiñ düşünmejek zadyny aýtmak däldir.) meniñ soragym: Šu gošgy Türkmen dilinde (sada dilde) ÿazylan, Haÿsy sözlem (sözlemler) size düšnüksiz?
(Içinde ritmi,äheñi bolmadyk goşgy poeziýa däldir) Siz nähili bu gošga ritmsiz we äheñsiz diÿip höküm kesÿärsiñiz? Okap gördüñizmi? ÿa-da diñe setirleriñ uzynly gysgaly bolmagy siziń gözüñize azar bedimi? iñ gowusy batlyrak ses bilen birine okap beriñ, onsoñ, äheñi barmy, diÿip diñleÿjiden sorap görüñ! Siziñ pikiriñizće šygyra ritm, arheñ berÿän zatlar diñe galyp bilen kapyÿa bolmaly onda, diñe šol endik edilen klasiki formalary gošgy hasaplaÿan bolmaly!?

0
16 ibrahimbadakhshan  
694
Men šygriÿet hakda bašgaça pikir edÿärin. Biz Türkmensährada önüp-ösenler öz ene dilimizde mekdep görmedik, šonuñ üçinem "yssysyna gargadyñ" ÿerine yssysyny gargadyñ bolaÿÿar. Türkmen edebiÿtynyñ ösüšini Türkmenistanda göresimiz gelÿär, šoña-da doly ynanyarys, ÿaš ÿazyjy-šahyrlardanam tamamyz kän. Ÿöne Mahym ÿegen ÿaly talentli šahyr öz yzagalak pikirleri (sözlemleri, kesgitmeleri) bilen šygriÿetiñ ösüšine gapma-garšy dursa, bašgalardan näme tamamyz bolar. Ÿegen öz pikiriñi, añyñy baglap goÿma lûtfen! Dûnÿägaraÿšyñy has giñ tut, Käbir halypalaryñ saÿasyndan čykjak bol!
(Bu ÿerde gošgy hakda, täze formalar hakda ÿazmaly zat ôrän köp, arman ...)

0
14 beghan  
"Ýigit setirlerme,
guçduryp gyzly bentlerimiň inçe billerin,..."

Umuman bir bendiň ortaraklaryndaky bir setir gysga gelmelidä. Şonda bilini guçan ýaly bolýa. 3-nji bent çalym etjek bolýar.

Perdelerden daman ganlar!
Ak guwyň garaja çagasy ýaly tagaşyksyz dur. Nämeçün, nireden geldi? Ýa bir symwolmy?

Goşgyň pafosy pes. Emma ýene-de gowy şahyryň goşgusydygy belli.

Hemem, neme gözledim. Belki bilkastlaýyn duýgusy pes berlendir, "sen şu aýdylan ýylylyklara, ýakymly mähirlere mynasyp däl" diýip ýüzleýje.. Aý, ýok... Beýle-de däl ýaly

Ýene-de goşgularyňyza garaşýas, agam.

0
17 Hyýalkeş  
752
Käwagt goşguda sözler,sözlemler düşnüklidir.Ýöne şahyryñ nähili ideýany öñe sürjek bolýandygy düşnüksizdir.
Ähtimal bardyr ritm ýöne men ä muny duýup bilmedim.
"Talantly şahyr" - meñ boýumdan aşan öwgi bolupdyr.(ne hä talantlylygyma ne de şahyrlygyma ynanýan) Munuñ üçinem tañryýalkasyn!
Bilemok da men klassykadan çykyp bilermikäm?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]