13:51 Suwdan ot çykaran goşgy | |
SUWDAN OT ÇYKARAN GOŞGY
Goşgular
![]() Bölek mähnet bulutlar, Öçli garap bir-bire, Dişlerin çarhladylar, Garpyşyp başladylar, Elhenç güpürdi bile. Başlandy başagaýlyk, Kowha-kowlyk, gaç-gaçlyk. Bulutlaň batly bady, Syçratdy ýalyn-ody. Asman ýürek daglady hem möňňürip aglady. Ezdi ýeri göz ýaşy, Sil-suw edip dag-daşy. Ýakyndamy, uzakda, Ýyldyrym çakan wagtda. Pena edinip dagy, Synlap otyr, Pyragy. Haýranlar bolup bakdy, Ýaradanyň güýjüne. Soňam galamyn aldy, Çykyp gerşiň künjüne. “Bulutlar garpyşar, ýyldyrym çakar” - şuny oýa getirdi. “Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!” - giýip, ýazga geçirdi. Bu hem bolaýjak kyssa, Beýan edäýdik, gysga. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||