19:04

Türkmen adatlary / dowamy

TÜRKMEN ADATLARY

Türkmenlerde familiýa bolmansoñ, familiýanyñ ýerine her kimiñ adynyñ yzyna "pylanynyñ ogly" diýen sözler goşulýar, aýal adamyñ adynyñ yzyndan "pylanynyñ gyzy" diýen sözler goşulýar. Şonuñ üçin-de türkmen aýallary äre çykanlaryndan soñ hem, ärli bolan halatlarynda-da, dul halatlarynda-da atalarynyñ atlaryny ýitirmeýärler.
Türkmeniñ adaty boýunça aýal öz ärine tabyn bolmaly we onuñ ähli görkezmelerini hem-de isleglerini kanagatlandyrmaly.
Adata gulak asmaýan, ýalta aýaly adat boýunça tä ýençmeklige çenli hukuk berilýär. Gulak asmadyk aýaly babatynda görýän ýeñil çäreleri islegine laýyk gelmedik halaty erkekler bulary maýyplyga çenli urýarlar. Şunuñ ýaly ýagdaýlarda aýal äriniñ üstünden suda arz edýär eken we äri bilen aýrylyşdyrmagy talap edýär eken.
Türkmenleriñ adaty öz halkynyñ ahlak başlangyçlaryny saklamak maksady bilen, ärlerine we atalaryna haýynlykda tutulan aýallaryna we gyzlaryna geçirimlilik etmeýärler.

■ Är-aýalyñ emläk hukugy

Türkmen aýalynyñ äriniñ öýüne getirýän bukjasy onuñ öz eýeçiligi diýip hasap edilse-de, ol ärli halynda äriniñ razylygy bolmazdan oña eýelik edip bilmeýär. Aýal öz goşlaryny diñe äri ölenden soñ ýa-da äri bilen aýrylyşandan soñ äkidip bilýär.
Türkmenlerde ähli emläk we goşlar erkegiñ eýeçiligi bolup durýar we ol oña öz garaýşyça eýeçilik edýär. Ol öz goşlaryny aýalyndan soramazdan satyp ýa-da berip bilýär. Türkmenleriñ adaty boýunça aýal öý goşlarynyñ we emlägi artdyrylmagyna goşant goşmaga ygtyýar berilýär. Türkmeniñ adatynda aýal äriniñ emlägini ulanyp bilýär. Türkmen aýaly äriniñ bolmadyk mahalynda-da onuñ emlägine eýelik edip bilmeýär.
Ärleriniñ razylygy bolmazdan aýallar söwda bilen meşgullanyp bilmezler. Emma dul galan aýallara welin, ärleriniñ garyndaşlarynyñ razylygy bolmasa-da söwda etmäge ygtyýar edilýär. Olara ärinden galan zatlary satmaga ygtyýar berilýär. Ýöne äriniñ erkek garyndaşlary bar bolsa, hatda olar daşgynrak bolanlarynda-da aýala emlägi satmaga ygtyýar berilmeýär.
Aýallar ärleriniñ ygtyýary bolmazdan özleriniñ bergi borçlaryny amala aşyryp bilmeýär, pul karzyna bermäge-de ygtyýarlary ýokdur. Ärleriniñ razylygy bolmazdan baglaşylan bergi-borçnamalary asla hasaba alynmaýar we onuñ güýji ýokdur.

■ Türkmen aýalynyñ ýagdaýy

Türkmen aýallarynyn ýagdaýy pikir edilendäkiden has ýaramazdyr. Mälim bolşy ýaly, şerigatyñ öwredişi ýaly, äri öz kanuny aýalyna öz dosty hökmünde, äri tarapyndan galyñ berlip satyn alnan goş hökmünde garaýar.
Şerigat erkek adama öz aýalynyñ birugsat öýünden çykyp gidendigi, ogurlyk edendigi, aýallyk borjuny etmekden boýun towlandygy üçin jeza bermäge ygtyýar edýär. Ýöne türkmenlerde ýönekeýje zatlar üçin hem ärleriniñ igenip, azar berýändiklerini görmek bolýar.
Türkmen dul aýallarynyñ ýagdaýy has-da ýaramaz.
Ýöne şeýle bolsa-da türkmen aýalynyñ ýagdaýynda oñat taraplary hem görmek bolýar. Ýönekeýje zat: türkmen aýallary ärlerini saýlap almakda has erkin. Munuñ özi şeýleräk bolup geçýär. Mälim bolşy ýaly, şerigat boýunça aýallar erkeklere ýüzüni görkezmeli däl. Emma türkmenlerde aýallaryñ ýüzleri açyk. Şonuñ üçin-de ýaş ýigit bilen gyzyñ toý etmezlerinden öñ biri-birlerini görmäge, tanyşmaga mümkinçilikleri bar.

■ Türkmenleriñ halk sudy

Türkmen taýpalarynyñ birinde-de sud ýaly halk sudlary bolmandyr. Şahsy adamlaryñ arasynda düşünişmezlik dörän mahaly, onda ol işlere atly-abraýly adamlar tarapyndan seredilipdir. Adatça ol adamlar hormatly ýaşulular, aksakgallar, kethudalar bolupdyr.
Atly-abraýly adamlaryñ, aksakgallaryñ şunuñ ýaly ýygnanşygyna adatça mejlis ýa-da maslahat diýlip at berlipdir. Ol maslahatlaryñ belli bir wagty bolmandyr.
Adatça şol maslahatlara açyk ýerde, metjidiñ golaýynda ýa-da hormatky ýaşulynyñ öýüniñ gapdalynda ýygnanylypdyr. Şunda bu maslahatlarda hiç hili protokollar, düşündirişler ýazgy edilmändir, hemme zatlar dil üsti bilen amala aşyrylypdyr. Ýöne şunuñ ýaly maslahat (sud) esasynda iki hili ýazmaça aktlar berlipdir. Ol hatlar "synjyl haty" we "talak haty" diýlip atlandyrylypdyr.
Işlere garalanda oña taraplar, şeýle hem isleg bildiren adamlaryñ ählisi gatnaşypdyr.
Türkmenleriñ arasyndaky ýüze çykýan ähli işleriñ soñy ylalaşyk bilen tamamlanypdyr.

■ Kazylar hakynda

Kazylar diýlip şerigat boýunça musulmanlaryñ arasyndaky jedelli meseleleri çözýän adamlara aýdylypdyr. Işlere garaýan kazylar halk tarapyndan bellenilmändir. Şu wezipäni eýelemek islän türkmenler özleriniñ kazy edilip bellenilmegini haýyş edip, Hywa hanyna ýa-da Buhara emirine ýüz tutupdyr. Olar razylyk berip, ýörite hat beripdirler. Şol hat sud etmäge esas bolupdyr.
Türkmenlerde kazy edilip bellenmek üçin aşakdaky häsiýetlere eýe bolmak zerur bolupdyr: aslyñ "ig" türkmenlerden, kämillik ýaşyna ýeten, akylly-başly, adalatly bolmaly. Gurhany, arap ýazuwyny oñat bilmeli.
Şol talaplara kazylaryñ näçeräginiñ laýyk gelýändigini aýtmak kyn, ýöne men şoña laýyk gelýän kazylaryñ üçüsiniñ Sarahsda, Tejende we Ashabatda bolandygyny açyk bilýärin. Olaryñ ählisi-de Kuran bilen oñat tanyş hem-de arap dilini kanagatlanarly bilýärler. Muny men esasly tassyk edip bilerin.

A.Lomakin.

Ashabad, 1897 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 423 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aleksandr Lomakin | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Мylayym  
83
Gördüňiz dälmi, zenanlar, hemme zat erkek kişileriň peýdasyna...

Hany, öňüme düşüň, saýtdan gidýäs... ))

0
2 Gumlygelin  
8
Meñ-ä ýüz ýyl ozalky döwre gidesim geldi.Ýagny Lomakiniñ ýazgyny ýazan döwrüne.

0
3 Gulzyyada  
97
@Gumlygelneje @Mylaýym bizi şu döwürden alyp gitjek bolýana meňzeýä wacko

0
4 Gumlygelin  
8
Şol mahalky döwre alyp gitmegi başarsalar men gitmäge razy.Döwür gelin-gyzlara näçe erkinlik berenem bolsa meñ üçin Lomakiniñ şu ýazgylary ýazan döwri ýakymly. Sen zenanmyñ hemişe erkek adamlañ ýanynda ejizligñi bilip ýaşamaly.Döwrümiziñ käbir zenanlarnyñ ýanýoldaşyna boýun egmän ýaşajak bolmasy gaty gelşiksiz ýagdaý.Has beterem ol döwre gitmegi başarsam özdiýenli,ownamadyk men-men diýen erkek kişileri görerin diýip umyt edýän dry

0
5 Мylayym  
83
Gumlygelin, goýaweri, uýam, menä gidip biljek däl. Mowzugy gaýtalap, täzeden oka, "urmaly" diýilýän ýerem bar. Towşan ýürek häsiýetim bar, uýam. Ýanymda kellesini gaşajak bolup, el galdyrsa-da, ürküp, durun, men-ä... smile

0
6 jumagylyjovao  
88
Erbet däl smile Türkmen haýsydyr bir rus kolonial administrasiýasynyň wekili A. Lomakiniň ýazan adat kadalaryna eýerip gelipdirmi? Şu ýerde enem pahyryň beren gürrüňleriniň hakykatdygyna ýene bir sapar göz ýetirdim.Enem din, ynanç,dinimiziň kadalary barada köp gürrüň bererdi.Meniň:"Ene, näme üçin biziň dinimiz iň kämil din bolsa, aýallara pes garalýan eken." diýip beren sowalyma enem şeýle jogap beripdi:"Dinimizde aýallara pes garalýan däldir.Dinimiz hiç mahal ejize ganymlyga ýol hem beren däldir. Dinimiziň aýdanlaryny adamlara ters ýetirýänler bolupdyr öz döwründe. Ol döwürler adamlaryň köpüsi bisowat eken. Sowatly adamlar esasan mollalar bolupdyr. Her döwüde bolşy ýaly,şol döwürlerde-de molla adyna ysnat getirýänleri bolupdyr. Olar köp dawaly meseleleri erkekleriň we baý adamlaryň bähbidine çözýär ekenler." Enemden bu zatlary nireden bilýändigini soranymda ol özüniň kazy gyzydygyny, özleriniň ir ýogalan ýeke erkek dogany bilen deň derejede bilim terbiýe berlendigini, bu aýdylýan adatlaryň dinimiziň aýdýanlaryndan has daşrak düşýändigini düşündiripdi.

0
7 jumagylyjovao  
88
Gelinler! Eger meniň eşidenlerim çyn bolsa, ol döwüriň erkeklerem häzirkilerden juda bir tapawutly däl oguşýa. Ýa-da olaryň gözleginde has irki döwülere göz aýlamaly. biggrin Ýa-da her döwrüň özüne ýetik küýkisem bolandyr, gaýkysam,her döwrüň gowusam bardyr,erbedem diýip günümize kaýyl bolaýalyňmy? biggrin

0
8 Gumlygelin  
8
@Mylaýymjan gorkmak näme gerek.Diñe diýen-aýdanlaryna boýun bolupjyk "lepbeý"-diýip,ugrunda ylgap ýörseñ bolany sad

0
9 Akjemal  
243
@jumagylyjowao, @haweranLomakin özüçe türkmeniñ adat kadalaryny yazmandyr, oylap tapmandyr, çypdyrmandyr. Ol öñdenem dowam edip gelyan adatlarymyzy yazypdyr. Dogry, ol käbir adatlarymyza dogry duşunmän, ozuçe godek baha beren yerleri bolandyr. Yone bu şu adatlarymyzy hiç hilem erbet gorkezenok. Şol sanda hemme adat şy dowurde dowam edibem bilmezdi, döwrüne göra yowuzraklary hem bolandyr, emma döwûr ösüp örñäp gidip otyr, gerek dälini her nace unutmajak bolsañam, döwür ony köne-küşül saklayan ammaryna zyñyp goyberyar. Emma adatlarymyza goz aylañda dowam etdirilmegi wajyp däplerimiziñ bardygy hem görünyar...

0
10 Gumlygelin  
8
Daş-töwerege çabradyp körän ojaklary tutašdyryp bolsady...
Bu adatlañ men-ä dowam etmegini isleýän.Sebäbi töweregiñe ser salsañ köp maşgalada erkekden öñe geçip aýallar baštutanlyk edýär.Erkekler bolsa hamala sessizje aýal maşgala ýaly...
Onsañ diýmezmiñ hany biziñ är ýigitlermiziñ gaýraty.Hany biziñ ardynjyramasyndan uzyn hatary tisgindirip duran mert pederlerimiz?
Onsañam erkekden mertlik synyp,olardan öñde ýöräp barýan zenanyñ yzy-näzi synmazmy!?

0
11 Gumlygelin  
8
*yzy-näzi.uzy-näzi

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]