07:11 Türkmen alabaýy | |
TÜRKMEN ALABAÝY
Goşgular
Asyrlaryñ sungatyna Dowam türkmen alabaýy. Halkyñ milli gymmatyna Kemal türkmen alabaýy. Ýurdum - joşgunyñ mekany, Toýuñ, buşlugyñ mekany, Gujurly, syzgyr, wepaly, Merdan türkmen alabaýy. Durky peleñ, şir mysaly, Mizemez şöhratly ýoly. Gerek bolsa, gerçek ýaly Edermen türkmen alabaýy. Penasynda hatar nerler Ýol geçendir kerwen-kerwen. Agramyna altyn berlen Halal, türkmen alabaýy. Goja taryhda ady bar, Geçmişden janly ýadygär! Waspy dünýäni jadylan, Ykrar türkmen alabaýy. Nepis halym, bedewim deý, Mirasdyr bu pederimden. Ýeñişleriñ hataryndan Nyşan türkmen alabaýy. 13.09.19 ý. Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |