22:47

Türkmen ýazyjysy Ogulmaýa Saparowa baýraga mynasyp boldy

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 269 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulmaýa Saparowa | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024
Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Bagabat  
43
Tüweleme. Höwri köp bolsun. Öňünden yzy gür gelsin.
Ogulmaýa ýeňňemiziň kän hekaýalaryny şu saýtda-da, başga ýerlerde-de okadyk, guwandyk, öwrendik. Kä ýeri bilen ylalaşmadyk, kä ýerine aşyk bolduk, kä ýerlerine gözlerimiz ümezläp, demimiz tutuldy-da, döredijilik adamlarynyň hemmesine diýen ýaly mahsus ak bahyllyk bilen bu gelnejemiziň galamyna gözümiz gitdi... ýöne her niçigem bolsa Ogulmaýa uýamyzyň döredijiligi, janyndan syzdyryp ýazan sözleri bizi biperwaý galdyrmady. Bu baýrak bolsa hakykatdanam öz mynasybyny tapdy diýip gaty çynym bilen hasap edýärin.
Mübärek bolsun.
Şol birwagtda-da bu baýragy diňe bir Ogulmaýa gelnejemiziň şahsy döredijiliginiň baýragy däl-de, tutuş türkmen edebiýatymyzyň, türkmen çeper diliniň halkara ykrar edilmesiniň ýene-de bir beýany diýip öz ýanymdan hasaplaýaryn.
@Kitapçylar, bu habary aýdyp begendirdiňiz.
Ýene-de bir gezek türkmen zenany, hakyky şahyrana kyssanyň ýazary Ogulmaýa Semizade-Saparowanyň baýragynyň gutly bolmagyny (bagt getirmegini) tüýs ýürekden arzuw edýärin.

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Maya gelnejemizi ýörite gutladygam welin, ýene Kitapçymyzyñ döwresinden hem gutlasak artykmaçlyk etmez.
Maya gelneje, bu baýragy alan üçünji ýa dördünji türkmen. Zenanlardan-a ilkinji bolup mynasyp bolup dur.
Ilkinji nobatda ynsançylyk jähtinden gaty mähriban Maya gelneje, bayraklaryñ yzy gür bolsun! Janyñyz tut ýaly sag, maşgalañyz abat bolsun!

0
3 Pegass  
1546
Tüweleme, gutlaýan menem gelnejäni. Birwagtlar Ertir.com saýtynda @Dildar nigi bilen çykyş edýärdi.

0
4 Gumlygelin0700  
1545
Şeýle baýraklaryñ höwri köp bolsun, Ogulmaýa uýam! Bu bizi juda guwandyrdy. Gutly bolsun!

0
5 Gurgencli  
324
Baýragyňyz gutly bolsun, türkmen zenanynyň şunuň ýaly uly baýraga mynasyp bolmagy çäksiz begendirdi.

0
6 Garayolly25  
1449
Ogulmaýa uýam, bayrak gutly bolsun. Höwri köp bolsun. Ylhama ylham goşujy
serişde bolsun. Ýaşyň uzak, ýazýan eserleriň has we has gyzyk bolsun. Talant~zehiniň baýragyň gymmatyny aňryýany bilen ödäbersin. Ýene~de bir gezek: baýragyň gutly bolsun, uýam!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]