15:38

Türkmeniñ gadymy geçmişinde käbir agyr günälere berilýän jezalar

TÜRKMENIÑ GADYMY GEÇMIŞINDE KÄBIR AGYR GÜNÄLERE BERILÝÄN JEZALAR

Gadymy döwürlerde türkmenleriñ ýaşan ýerlerinde "watan dönüklerine" häzirki döwürdäki ýaly rehim-şepagat edilip durulmazdy. Dönüklere hiç hili ýagdaýda geçirimlilik edilmezdi, hiç kömek edilmezdi we haýal etmän jezasy berlerdi!

■ Ynha, gadymy türkmenleriñ töresi şular ýaly bolupdyr:

"Kanun (töre) suw mysalydyr.
Diýdimzorluk bolsa ot mysaly.
Eý hakan! Sen arassa we dury suwy akdyryp, ýanyp duran ody söndürdiñ.
Töräni gyşarnyksyz dogry ýöretdiñ.
Dünýä seniñ saýañda düzgün-tertibe girdi.
Indi ilde hemmäñ gözi
Diýdimzory görmez boldy".
(Ýusup Balasagunly "Kutadgu bilig").

Göktürk(men)lerde töre - kanuna köplenç ýol-ýörelge diýlipdir. Hemmeler bu "ýoldan" ýöremäge mejbur bolup "ýoldan çykanlar", "ýolundan azaşanlar" munuñ jezasyny öz şirin janlary bilen ödemeli bolupdyr. Kada-kanunlary Tañrynyñ adyndan hakan ýerine ýetiripdir.

■ Göktürkmenlerde käbir günälere berilen jezalardan mysal getireliñ:

- At ogrusynyñ jezasy ölümdir;
- Ärli aýalyñ namysyna degenleriñ jezasy ölümdir;
- Nähak adam öldüreniñ jezasy ölümdir;
- Döwlete we goşuna garşy gozgalañ turuzanyñ jezasy ölümdir.

Gadymy türkmenlerde ogurlygyñ jezasy-da juda agyr bolupdyr. Ogurlyk eden adam kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, ölüm bilen jezalandyrylypdyr. Hatda hytaý çeşmeleriniñ habar bermegine görä ölüm jezasy berlen ogrynyñ kesilen kellesi bir ýüpe dañlyp, ogrynyñ kakasynyñ boýnundan asylar eken. Jeza diýseñ çökder, emma munuñ berýän sapagynyñ jemgyýeti ýola salmakda görlüp-eşdilmedik derejede peýda beripdir.
Gadymy türkmenlerde zyna diýlen ady-eseri bolmandyr. Meşhur arap syýahatçysy Ibn Fadlanyñ ýazgylarynda bir oguz-türkmen zenanynyñ edep ýerleriniñ (ýüzi, el-aýagy -t.b.) açyklygyny görende haýran galandygyny we oña seredip durandygy üçin ol aýalyñ özüni utandyrandygy barada ýazgylar bar. Ibn Fadlan: "Muña garamazdan sizde nähili zyna bolanok?" diýip haýran galmasyny gizläp bilmändir.
Türkmen zenanlary doly açyk ýagdaýda erkin gezýänem bolsalar, olaryñ arasynda zynanyñ bolmagy mümkin däldi. Çünki zynanyñ jezasy ölümdi! Göktürkmen kaganynyñ hökümdarlyk sürýän ýurdunda zyna eden bir hytaýly şaperiniñ hut kaganyñ öz gylyjy bilen öldürilendigini hytaý çeşmeleriniñ özi habar berýär. Hytaýlylar üçin bu barypýatan "wagşylygam" bolsa, jemgyýetiñ arassalygyny we asudalygyny üpjün etmekde ymgyr köp peýdasy bardy.

Talat GÖKTÜRK.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 601 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Talat Göktürk | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Gowy maglumat.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]