01:01

Wiking guburyndan tapylan "Alla" ýazgyly ýüzük

WIKING GUBURYNDAN TAPYLAN "ALLA" ÝAZGYLY ÝÜZÜK

Şwesiýaly arheolog Ýalmar Ştolpe (1841-1905) Şwesiýanyñ taryhy we söwda ähmiýetli nokady bolan Birka şäherinde geçiren arheologiki barlaglarynyñ birinde wiking mazarlarynyñ birinden IX asyra degişli ýüzüne "Alla üçin" diýen ýazgy ýazylan ýüzük tapypdyr.
Ýüzükdäki ýazgynyñ IX-X asyrlarda abbasy halyflarynyñ döwründe giñden ýaýran ýazuw ýazma stili bolan kufi ýazuw görnüşinde ýazylandygy haýran galdyrýar.
Wiking mazaryndan tapylan ýüzük wikingleriñ ýaşan döwründe Skandinawiýa bilen yslam dünýäsiniñ arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Adatça musulmanlar wikingler bilen gatnaşyk açmakdan saklanypdyrlar we bu baradaky taryhy maglumatlar az saklanyp galypdyr. Mysal üçin X asyrda ýaşan we abbasy halyfynyñ ilçisi Ibn Fadlan gözi bilen gören wikingleri hakynda: "Allanyñ ýaradan iñ hapysa jandarlary şular bolsa gerek. Olar hiç hili ýuwunmaýarlar, suwa düşmeýärler" diýip ýazgy galdyrypdyr.
VIII-X asyrlarda ulanylan arap elipbiýinde ýazylan ýazgy kümüş ýüzügiñ gaşyna oýulyp ýazylypdyr. Bu ýüzük häzire çenli Skandinawiýa yarym adasyndan tapylan we wikingleriñ döwrüne degişli arapça ýazgyly ilkinji ýüzükdir.
Stokgolmyñ Şwed taryhy muzeýiniñ metbugat habarçysy Linda Wahlander eden çykyşynda 1942-nji ýyldan bäri muzeýde saklanylýan we ýüzünde "Alla üçin" ýa-da "Enşalla" ýazgyly ýüzügi 1872-1875-nji ýyllarda arheolog Ýalmar Ştolpäniñ Býorkýo adasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirip ýörkä tapandygyny aýtdy. Bu ýüzügiñ zenan jesedinden alynandygyny aýdýan Wahlander “Şol döwürlerde jaýlanylýan zenanlaryñ boýnunda gymmatly kalýe bolupdyr. Kalýelere hem kiçijik pyçajyk ýa-da ýüzükler dakylypdyr. Bu kümüş ýüzügem aýalyñ kalýesinde dakylgy dur eken" diýdi.
Birkada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde IX asyra degişli bir mazardan ýüzük, geýim-gejim galyndylary, gülýakalar we dürli şaý-sepler tapylypdy. Alymlar tutuşlaýyn ýok bolup gitmegine az wagt galandygyna garamazdan şaý-sepleri we geýim-gejimleri ýörite ekspertizadan geçirip, ystyhanyñ 850-nji ýyl töwerekleri aradan çykan bir zenana degişlidigini anyklady.
Stokgolm uniwersitetiniñ biofizigi Sebastýan Wärmländer: “Biz Skandinawiýadan tapylan arap stilinde ýazgy ýazylan ýüzüklere öñem gabat gelipdik, emma olaryñ hiçisiniñ ýüzünde ýazgy ýokdy" diýdi. Ýüzükdäki arapça ýazgynyñ näme diýip ýazylandygy elektron mikroskop bilen geçirilen barlaglaryñ netijesinde dessine anyklandy. Ýokary hili kümüş garylyp ýasalan ýüzügiñ düzümindäki kümüşiñ derejesi 94,5 %. Ýüzügiñ gaşynda sünnälenip oturdylan goñrumtyl goýy gök reñkli ametist daşyny seljermeden geçiren alymlar daşyñ ilki görlüşi ýaly reñkde däl-de, çüýşe reñklidigini anykladylar. Ýüzügiñ kümüş kysmynda hiç hili kebşir yzy gabat gelmese-de, käbir ýerlerinde yz bardygy mese-mälim bildirýär. Hünärmenleriñ çaklamasyna görä bu täsin ýüzük wiking zenanynyñ eline düşmänkä haýsydyr bir arap zergäri tarapyndan sünnälenip ýasalypdyr we gymmatbahaly haryt hökmünde Skandinawiýa gelip düşüpdir.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 520 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Bagabat  
43
Bir täze zadyň üstünde işlemek üçin maglumat gözlänimde wikingleriň mifologiýasy bilen gadymy türkmenleriň (türkleriň) mifologiýasynyň biçak meňzeşdigine haýran galdym. Olaryň baş hudaýy Odiniň ýanynda iki sany börüsi bar. Geri (Husyt) we Freki (Hajymelik). Gök Deňriniň ýanynda-da iki sany börüsi bar. Akböri hem-de Gökböri. Wikingleriň dünýäsinde berserklere aýratyn uly ähmiýet berlipdir. Gadymy türkmenlerde şeýle urşujylara "däli" diýlipdir. Ýa-da wikingleriň mifologiýasyndaky Iggdrasil agajy gadymy türkmenlerde Baýderek agajy. Ýa-da wikinglerde dirileriň we ölüleriň dünýäsiniň serhedi bolan Gýol derýasy, gadymy türkmenlerde Tamug bilen Ortagyň serhedinden akýan Doýmadym derýa. Garaz, meňzeşlik köp. Hatda wikingleriň elipbiýi hem gadymy türkmen runy elipbiýine çalymdaş. Gadymy türkmenleriň halk hem-de medeni birleşme hökmünde wikinglerden müňlerçe ýyl öň emele gelendiklerini göz öňünde tutsaň, wikingler hem oguzlardan gözbaş alyp gaýdýana çalym edýär.

0
2 Bagabat  
43
Ýöne, bir zada begendim. Nobatguly aga bilen Osman aganyň 1993-nji ýyldaky söhbetdeşliginde Nobatguly aga Göroglynyň geçi däl-de gurt emendigini nygtaýan nukdaýnazaryny aýdan badyna öz pikiriniň delili hökmünde Dariý şanyň esgerlerini türkmen çopanynyň suwsuz çöle aldaw ýoly bilen alyp gidip, gyryşy hakynda maglumaty agzaýar. Menem, bilemok, näme üçin Syrak çopan barada özümçe üýtgedip ýazan hekaýamda Syragyň gardaşy hem-de onuň iň soňky söweşindäki ýeke-täk ýoldaşy hökmünde möjegi şekillendiripdirin. Bu-da halkymyzyň aňastyaňyndaky şol möjek arhetipiniň beýnä ornandygyndan bolmagy mümkin. Dogrusy, ol hekaýa häzire çenlem göwnüm ýetmeýär. Maglumat ýetmezçiligi, dünýägaraýşyň darlygy sebäpli gereginden artyk süýndürilip hem-de ideýasy başga ugra syrykdyrylyp ýazylan zat boldy. Emma, öwrenilen endik, bir ýazyp, neşir edilen zadyňy ikilenç işlemäge hiç eliň barmaýar. Hamana, çagalykda gözüňi ýumup: "Men ýok" diýip öz-özüňden bukulan ýaly.

0
3 Bagabat  
43
Bilmedim welin, şol serialyň başky seriýalaryny gördüm-de, soňuna tomaşa edesim gelmedi. Diňe gan-da-pyçak bolşup geçýärler, hemmesiniňem arzuwy häkimiýet, baýlyk...Dogan-dogana dönüklik edýär, dostlugam ýok, hiç zadam, dönüklik, ähtiýalanlyk, aldaw-hile, azgynlyk...Mysal üçin, geçen asyryň ahyrynyň we şu asyryň başynyň meşhur filmleri "Ýüzükleriň hökümdary" bilen "Garri Potter" nähili?! Ikisinde-de beýik ideýa bar. "Ýüzükleriň hökümdary"-nda dürli milletlerden, jynslardan bolan kesekiler doganlaşýarlar-da şonuň üsti bilenem ilk-ä özleriniň ejizliklerini, soňam aýylganç garaňky güýçleriň hökümdaryny - Saarony ýeňýärler, her bir özüne galtaşanyň kalbyny zäherläp, azdyrýan ýüzügi ýok edýärler. "Garri Potter"-de bolsa ýetginjekler tümlügiň jadygöýüni ýeňmek üçin özlerini pida etmekdenem gaýtmaýarlar. Dogry diňe akyl satýan, öwredýän "mentorlyk äheňli" edebiýatam, kinoda ýadadýar, gyzyksyz görünýär. Emma, edebiýat her niçigem bolsa gowulyga itermeli, gowulygy öwretmeli. Ýöne ol gyzykdyryp hem-de öwredýänini bildirmän öwretse, maksadyna ýetýär. Ol gan-gabarçykly, aldaw-ähtiýalanlykly "warraý-şarraý" bolsa beýnisi bekemediklere zyýanly.

0
4 Bagabat  
43
Hawa, öňem bu saýtda şol makalany okapdym. Şonda ýazylan garaýyşlary bolsa doly goldaýanym üçinem, şu ýerde teswirledim. Salgylanmaň üçin sag bol.

0
5 Bagabat  
43
Bu eserleriň deňeşdirmesi boýunça başga-da maglumatlar bar ekeni.
https://ast.ru/news....estolov
https://journs.ru/blog....ogo-tyi
http://www.henneth-annun.ru/index.p....estolov
Garaz, bu iki eser internetde kän analiz edilipdir.

0
6 Bagabat  
43
Telewideniýede-de bir-iki gezek, bu eserleriň, kitap görnüşindäki we kino görnüşindäki deňeşdirmelerini diňläpdim. Hut şol deňeşdirmeler hem bu iki esere täzeden ünsümi çekipdi.

0
7 Bagabat  
43
Edebiýatçylaryň aglaba köpüsi Jorj Martiniň eserini "ruhsuzlykda" aýyplaýarlar. Ýöne, bilemok, hemme eserde, hasam, fentezi žanryndaky eserde "ruhlulyk" gerekmikä?! Jogapsyz ýa-da jedeli köp sorag bolaýmasa...

0
8 Bagabat  
43
Ýöne, ýörgünli eserleriň täsiri has ýiti bolýar, şonuň üçinem olar adaty bir güýmenje eser bolmaklaryny bes edýärler-de, olarda edebiýatyň we jemgyýetiň öňündäki borç emele gelýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]