15:08 Ýadygärlik | |
ÝADYGÄRLIK
Belent ýadygärlik, gözel sen gözel Seniñ gözelligiñe bendi ýüregim. Örboýuna galan soldatyñ keşbin Beýle niçik ýasap bildiñ geregim. Hemişe elleriñ çiterdi haly Hemişe gaýardyñ ak gaýmalary Sallançagyñ ala bagyn çekerdiñ, Bu gün haýran etdi sungatyñ meni. Gubarly gözleriñ nurymy didäm Ýa-da dagly ýüregimiñ derdimi Bu gözel sungatyñ gözbaşy nirde Ýa-da soldat saña medet berdimi. Garaşdym gözlerim ýolunda mydam, Oñjakdym ýar gelen bolsa pişekli Söýgüsi, ýaşlygy ähli dünýäsi Mermeriñ ýüzünde soldatyñ keşbi. Jeñde wepat bolan soldaty ýatlap, Belent ýadygärlik bina edildi. Uruşdan gaýdyp gelmediklerem bu gün Obama täzeden gelen dek boldy. Elleriñe, dilleriñe gül bitsin Guran binañ törde eýledi mekan. Sowet soldatynyñ ýadygärligi Daşlardan ýasalan bu ajap mukam. * * * Şygyrdaýan ýapraklar deý döküliñ, Döküliñ ýagyş deý, soñ güle dönüñ, Aýdymlarym, göwnüm boluñ şatlykly, Il-günüm goý bilsin ýüregmi meniñ. Guba çäge bolup süýşeýin öñe, Ak süýt ýaly giñ sähramyñ goýnunda Ýyldyz ýaly ap-ak bedewe münüp, Utulmaýyn ýaryş guran toýuñda. Güle besleneýin baharyñ deýin, Gök baglaryñ şelpelerin dakynan Öýlänçiniñ damjasyna meñzäýin Käte sil bolaýyn daglardan inen. Soñam düme maýsalar dek gök öwsüp, Şatlanyp şatlanyp gülüp gezeýin. Sähramyzyñ bagtly gyzlarna meñzäp, Gözellik hakynda dessan düzeýin. Akjemal OMAROWA. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |