23:37

Ýagmyr şahyr

ÝAGMYR

Ýagmyr XIX asyr türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyran şahyrlaryñ biridir. Ondan köp bolmasa-da liriki şygyrlaryñ birnäçesi gelip ýetipdir.
Ýagmyryñ terjimehalyna degişli maglumat az saklanypdyr. Bar maglumata görä, ol häzirki Kaka etrabynyñ territoriýasynda XIX asyryñ orta gürplerinde ýaşap geçipdir. Şahyryñ goşgularynda onuñ ady Ýagmyr, Gul Ýagmyr, Mestana Ýagmyr diýen ýaly görnüşlerde gelýär. Ýagmyryñ eserlerinden we käbir maglumatlardan onuñ Mätäji bilen bir döwürde ýaşap geçendigi belli bolýar. Bir rowaýata görä, Ýagmyr Köşi obasyna gezelenje gelipdir we Mätäji bilen goşgy hem aýdyşypdyr.[1] Mätäjinin tapmaça görnüşindäki "Kaýsydyr" şygry onuñ Ýagmyr bilen duşuşanda güýç synamakdan ötri beren soragydyr.
Ýagmyryñ Garaoglan hana bagyşlap ýazan odalarynyñ bolmagy hem onuñ ýaşan döwrüni bilmäge ýardam edýär. Garaoglan han 1857-nji ýylda ölüpdir. Ol ençeme ýyllap Ahalyñ hany bolupdyr.
Ýagmyr öz döwrüniñ zehinli şahyrlarynyñ biri bolupdyr. Ýagmyryñ buharaly Faýyky diýen şahyr bilen aýdyşan goşgusy-da bar.[2] Faýyky hem ýörite Garaoglan hana bagyşlap şygyr ýazypdyr. Şygyrdan mälim bolşuna görä, Faýyky Garaoglanyñka myhmançylyga gelipdir, şol ýerde-de Ýagmyr bilen duşuşyp, goşgy aýdyşypdyr. Garaoglanyñ oturymly mekany-da Ýagmyryñ ýaşan ýeri bolan Kaka töwerekleridir. Umuman, Ýagmyr döwürdeşleri, galamdaşlary bilen aragatnaşyk saklan şahyr.
Ýagmyryñ terjimehaluna degişli başga maglumat ýok. Şu ýerde Ýagmyr sopy atly şahyryñ bolandygyny-da ýatlamak gerek. Ol Gyzyletrekde önüp-ösüpdir. Ýagmyr sopynyñ dürli temadaky şygyrlarynyñ birnäçesi TYA-nyñ golýazmalar fondunda saklanýar.[3] Onuñ şygyrlary Gul Ýagmyryñkydan tapawutly. Şol şygyrlaryñ hemme ýerinde awtoryñ Ýagmyr sopudygynyñ görkezilýändigi bulaşyklygyñ bolmazlygyna ýardam edýär.
Ýagmyrdan galan miras uly däl. Şeýle bolansoñ, onuñ tematikasy-da çäkli. Emma şol sanlyja eserlere şahyryñ edebi mirasynyñ hemmesidir diýmek bolmaz.
Ýagmyr şahyr halk arasynda, ilkinji nobatda, söýgi temasyndaky eserleri bilen tanalýar. Çünki ol eserler çeperçiligi, original mazmunlylygy bilen köpçüligiñ göwnünden turup, söýgüli halk aýdymyna öwrülipdir. Şahyryñ "Çoh derde goýan ýarym" atly goşgusyny muña mysal edip görkezmek bolar.
Öz döwründe Ýagmyryñ öwgi goşgularynyñ - odalarynyñ hem käbiri köpçüligiñ arasyna giñden ýaýrapdyr. Şahyryñ odalary häzirki döwre, esasan, golýazmalar arkaly gelip ýeten bolsa, söýgi lirikasy dilden, arkaba-arka ýatda saklanmak ýoly bilen ýetişipdir.
"Çoh derde goýan ýarym" bäşlemesi ideýa-mazmunlylygy, labyzlylygy, obraza baýlygy, içki joşgunynyñ güýçlüligi boýunça original eserleriñ biridir. Bu goşguda ritmliligiñ berkligi, belli bir ýerde säginmäniñ gaýtalanmagy onuñ saza laýyk gelip duran aýdym kybap eser bolup çykmagyna eltipdir. Şygryñ mazmunynda hakyky söýginiñ beýany ýatýar. Onda türkmen edebiýatynyñ progressiw däpleri özboluşly we hertaraply dowam etdirilip, ynsana mahsus bolan söýginiñ güýçlüligi barada açyk pikir ýöredilýär. Bu bäşlemeden bir bent mysal:

Men aşygyñ owaldan, sen söýgüli dildarym,
Salsañ gulak aýdar men halymny beýan ýarym.
On barmagyñ gyrmyzy, ganymga boýan ýarym.
Bag içre Ýusup geldi, almazmyñ hyrydarym?
Men ejizi biçäräñ, çoh derde goýan ýarym.[4]

Ýagmyryñ "Şişe köñlüm" dörtlemesi:

Suwda dörän hyşa kimin,
Müşk salynan çüýşe kimin,
Ne degip sen daşa, köñlüm.[5] -

diýen setirler bilen başlanyp, onuñ dowamynda, esasan, şahyryñ söýgi hakdaky içki joşguny we hasraty ýüze çykarylýar. Beýleki goşgularynda bolşy ýaly, bu şygyrda hem söýgi sebäpli köp horluk çekilýändigi aýdylýar. Şahyr kyrk ýaşa ýetip, göwnüniñ çöküp başlandygyny-da mälim edýär.
Ýagmyr şahyryñ Garaoglan hana bagyşlap ýazan iki öwgi goşgusy bar. Şonuñ biri biri Magtymgulynyñ Britan muzeýinden getirilen golýazmasynda hem ýerleşdirilipdir.[6]
Faýyky bilen Ýagmyryñ adyna gelýän bir aýdyşygyñ öñünde "Sowal Faýyky" - "Jogap Ýagmyr" diýen düşündiriş berlipdir. Aýdyşyk uzak bolup, onuñ mazmuny, esasan, tebigata - dag-derýa, ýer-toprak we ş.m. zatlara degişli, astronomiýa - Aý, Gün, ýyldyzlar, bulut, ýagyş, şol sanda dini düşünjeler hakda sorag-jogap berilýär. Mysal üçin, sowal-jogabyñ dowamynda ýyl we onuñ dört pasly, her pasylda üç aý bolup, her aýyñ otuz günden ybarat bolşy meñzetmeler arkaly beýan edilipdir.
Faýykynyñ kimdigi açyk belli bolmasa-da, onuñ buharalydygy şygryndan mälim. Onuñ goşgulary sada we düşnükli. Galyberse-de, şahyr türkmenleriñ durmuşyna belet.
Ýagmyr şahyryñ:

Ýa halyky Züljelal, bendän tile düşgeýmu?
Dart gökge tanapymny ilden-ile düşgeýmu?
Magryp bile maşrykga sagdan-sola düşgeýmu?
Duşman öýge gulgula hem zenzele düşgeýmu?
Her bendäniñ istäni, ýa Reb, ele düşgeýmu?
Geç ýazygym, ýa Jepbar, janan gola düşgeýmu?[7]

- diýen bent bilen başlanýan ýedilemesinde öñe sürülýän pikir anyk bolmasa-da, köp rowaýatlaryñ mazmunyna degişli gyzykly gürrüñler bilen baglanyşdyrylandygy üçin, ol belli bir derejede estetiki lezzet berýär. Köp kitaplaryñ, dessanlaryñ mazmunyndan şahyryñ peýdalanyp bilmegi onuñ sowatly bolandygyna şaýatlyk edýär. Ol ýörite ýokary okuw jaýyny gutarmasa-da, okap we ýazyp bilmegi başaran adam bolupdyr.
Ýagmyr şahyr şygyr tehnikasyna ökde. Dürli goşgy formalarynda öz pikirini ussatlarça beýan etmegiñ hötdesinden gelipdir. Bu bolsa onuñ XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyñ däpleri bilen tanşyp, şol däpleri özleşdirendigini görkezýär.

A.Çarygulyýewa,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
_________________________________
[1] Inw. 61.
[2] Inw. 793-a
[3] Inw. 1938.
[4] Inw. 793-a.
[5] Şol ýerde.
[6] Inw. 1279.
[7] Inw. 895.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 515 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: A.Çarygulyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]