19:42 Ýardan salam getirmedik sabalar... | |
ÝARDAN SALAM GETIRMEDIK SABALAR...
Goşgular
Ýardan salam getirmedik sabalar, Goşa gumrulara togap edenim. Ykbal perişdesi nämä ýorduñ sen? Diýdiñmi ýa :,, Bagty ýatan ekeniñ" Ýalñyz dañlañ lezzetinden üzñe ýa, Bilmen, Päk niýetiñ salgysynamy? Bir maksada gulluk edýänim üçin, Bagta barýan ýola saldyñmy meni? Gorkman güzabyndan ýaryşly ýollañ, Müñ dürli aly bar ýellere bakman. Salgyma öwrülen maksadyñ Aýy, Söýgiñden güýç alyp barýaryn aman. Ýowuz kynçylyklañ yzgytsyzlygna, Uýmadym, Şikesli dabanma bak, ýar! Saña barýan ýolda synag ýelleri, Tozan däl, bagt bolup gözümi gapýar. Mährem APBAÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |