16:57

Ýatlama

ÝATLAMA

Sapdyň. Sada söýdüň, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym.
Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn,
Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň.
Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diňledim,
Gök titredip aglanynda melekler.
Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata,
Taýyn däldik beýle agyr hijrana.
Kem-kem boýun aldym hijriň şertini,
Çalykdy seniňem çygjaran çeşmiň.
Gozgamaýyn diýip ýürek derdiňi,
Sataşjak ýerleňden sowulyp geçdim.
Saňa duşjak bolup etmedim yhlas,
Jemalyň jebirde görerin öýdüp.
Senden jyda düşüp golaýlaşdym has,
Senden aýra düşüp, has kämil söýdüm.
Mejnun kimin berilsemem yşkyma,
Delminip, daglara dada barmadym.
Sataşaryn öýdüp gamly keşbiňe,
Garaňky gijeler oda barmadym.
Ýyndam ýyllar kibi geçdi ýigitlik,
Başyň alyp durmy agyr gün näme?!
Şeýdip ýaşlyk bilen hoşlaşyp gitdik,
Sen öz durmuşyňa, men öz dünýäme.
Indi jepa berip ýöremzok jana,
Gör, ahyry bu dünýäniň gurluşyn:
Söýgimiz, ýüregmiz bir biziň, ýöne
Seň öz durmuşyň bar, meň öz durmuşym.

Gylyçmyrat KAKABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 424 | Добавил: Gurban | Теги: Gylyçmyrat Kakabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Gowy goshgy

0
2 gadambez1986  
335
Beyik shahyryn ajap goshgusy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]