21:21 Günäsiz gyzjagaz | |
GÜNÄSIZ GYZJAGAZ
Liwanyň köçeleriniň biri okkupantlar tarapyndan bombalanan wagty goşa garaçygyndan mahrum bolan arap gyzjagazy Mawiýa bilen söhbet - Aýtsana, jigim, näm üçin Feýruz Öňküleri ýaly aýdym aýdanok? - Feýruzyny diňläp bilenok Beýrut, Onuň sesin bogýar şuwlap gaýdan ok. - Uýajygym, köp külpetli külbede, Dynman aglaýar-la gyzlar, ejeler?! - Feýruzyň sesini bogýan gülleden Ölýär bärde ulular hem kiçiler. - Aýtsana mähribanym, Mawiýa, Gözjagazlaň garadymy, mawy ýa? - Mawudy ol, asman ýaly mawudy... Görüpdim, ölensoň, zaryn ses bile Ýapypdylar ejem janyň üstüne, Meň gözüm dek mawudy. Ol juda juwandy, ýokdy keseli, Onuň ömrün kesdi şuwlap gelen ok. - Aýt, jigim, näm üçin atdylar seni? - Bilemok. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |