19:59 Ýol saýla | |
ÝOL SAÝLA
Goşgular
Ýör, öňe düş, Ýene, şeýle ýol saýla, Hasrat çekdirmesin yzyňdan gitmek, Gijä galaýmaly bolupdyr öýle, Nesip etsin şanly günlere ýetmek. Gel, öňe düş, Ýöne gysga ýol saýla, Gereksiz menzili aşmaga derek, Ertänem şu günüň goýnunda boýla, Şü günlerem bolup ýörin janserek. Çykyp gitse gitsin keşgim çäginden, Agyr diýip egip ýörmän egnimi, Boýum alyp öz ojagmyň çogundan, Ýagtylyga-aga tutup göwnümi. Irkilsem oýanyp, saz deý sesiňe, Hökümdary özüň diýip dünýämiň, Neti ýoldaş edip päliň pesine, Borjum saýyp gezip ýörsem diýýäniň. Her bir zada gollarymy gerdirme, Öwredensiň, orta goýýaryn janym, Edeniňe puşman edip ýördürme, Ýola düşsem öňe salýan wyždanym. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |