100 %
Şerler...
obligasiýalar,
dollarlar...
Winnisa ýaly çetde eýemsirän bolup,
Ýüz prosent halys amerikan hakda
men goşgular düzüp,
ýazardym
bentler.
Şeýle
surat çekdim
galamym alyp.
Bir aýalyñ ogly boldy.
Akuşeri
arlyk alyp:
Edil Jonyñ özi geldi.
Ol raýt! *
diýip, urdy ol lap.
Dokuz gadak
gözi ~
teññe,
Dişin gyjap, atasy bet
süñk äynegin
süpürip
diñe,
Çaga bakyp diýdi:
ol raýt!
Terbiýesi
örän añsat.
Süýşüp,
penje bular ol zat,
Mañlaýy ýer süsse -
ol raýt!
Burnuny gan etse -
ol raýt!
Ata diýýär:
"Jon keýp çekip,
pent gazanman
gezýär peýwagt!"
Oglanjyk
Jon
gitdi çykyp,
Gitse gitsin, ol hem ol raýt.
Tehas,
Kaliforniýa,
Massaçuzet -
Ülke-ülke
gezýär ol ýat.
Nan bar -
ol raýt, şat bol bezzat!
Bolmasa-da
hiç zat,
ol raýt!
Çilim çekýär
yzyn kesmän,
Tüýkürýär ol,
ösdi,
"gel, aýt,
Jon,
el ber,
uçarmyñ asman -
Aý hem bolsa"
Gitjek, ol raýt.
Birin söýüp,
ol ýar diýdi,
Hüýr gyzlary
ol etdi ýat.
Gyz gitdi,
özgäni söýdi,
Söý ýa söýme, bary bir,
ol raýt!
Miras tapdy
Jon sowurdy
Million-million
gitdi ol bat.
Gutaransoñ
bir ýylgyrdy,
Tapylar-la ýene,
ol raýt!
Işde,
husyt
çyn hojaýny -
Ogurlap ol
alýar her zat.
Jon öwrendi
ol bet
oýny,
kisesine salýar
ol raýt!
Hojaýyn kowdy.
Kowsa kowsun,
Hasaplaşsa,
Jon örän şat.
Hojaýyny tüpeñ gowsun,
Jon hem pyçak aldy,
ol raýt!
Hojaýnynyñ oky
degdi
Aýdýarlar:
"ol
ölýär biwagt"
Jon eşidip, başyn egdi,
Gülümsiräp gitdi,
ol raýt!
Maslygyny
göre salyp,
Inderdiler
gumy ol wagt.
Gölegçiler
demin alyp,
diýdiler:
Biz dyndyk,
ol raýt!
Emma Nýu-Ýorkda
ýokdy ol Jonlar
Aýaly,
pişigi
hem-de mister Jon,
Kä
öz synçgyrmagna
oýanyp, jynlar,
Öý kürümlerinde
ýatýar
iýip nan.
Men
şahyr,
onda-da amerikançy men,
Amerikanyñ
özünden-de köp esse
takdyra
boýun egip
ýörmegi söýmen,
Tertipsiz bolsam-da men örän
pesde.
_____________________________
* Ol raýt - örän ýagşy!
Terjime eden: Çary AŞYROW.
Goşgular